Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde, berkarar Türkmenistan döwletimiz “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýlip, yglan edilen 2017-nji ýyly ähli pudaklar babatynda ýokary görkezijiler bilen tamamlady. Ýene-de sanlyja günden 2018-nji ýyla, ýagny “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip, yglan edilen Täze ýyla gadam basýarys.
oý, Täze ýyl beýik maksatlara beslensin! Ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize we merdana halkymyza bagtyýarlyk, abadançylyk eçilsin! Goý, 2018-nji ýyl agzybir halkymyz üçin rowaçlyklaryň we täze zähmet üstünlikleriniň ýylyna öwrülsin!
2017-nji ýyl Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysyna uly zähmet ýeňişleri, belent sepgitler we beýik başlangyçlar bilen girdi. Ägirt uly taslamalar amala aşyryldy, täze pudaklaryň binýady tutuldy, ýurdumyzyň halkara abraýy ýokarlandy. 2017-nji ýylyň esasy wakalarynyň hatarynda – ýurdumyzda geçirilen Prezident saýlawlaryny hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny görkezmek bolar. Yklymyň bu iri sport ýaryşy Türkmenistanyň halkara abraýyny ýene-de bir gezek tutuş dünýäde ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň şeýle ýokary derejelerdäki ýaryşlary geçirmek tejribesine eýedigini hem görkezdi. Türkmen türgenleriniň gazanan ynamly ýeňşi we jemi 245 medal bilen umumy hasapda birinjiligi eýelemegi ýurdumyzda sportuň barha dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Şu günler ýokary üstünliklere beslenen 2017-nji ýyly ugradyp, täze 2018-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýan mähriban halkymyza Täze ýylda-da köp sanly uly ähmiýetli wakalar garaşýar. Olaryň hatarynda milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak, şeýle hem Türkmenistanyň öz maddy-enjamlaýyn serişdeleriniň we işgärleriniň hasabyna gurýan Serhetabat-Turgundy demir ýoluny işe girizmek dabaralary garaşýar.
Barha ýakynlaşýan Täze ýyl baýramçylygynyň uly dabaralar bilen bellenilýän günlerinde 2017-nji ýylda ýurdumyzda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary barada gysgaça durup geçmek maksadalaýykdyr.
YKDYSADYÝETIMIZ – DURNUKLY
ÖSÜŞLERIŇ NUSGASY
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti soňky ýyllarda durnukly ösüşe eýe bolup, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininden birnäçe esse ýokary sepgitlere eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, halkara maliýe guramalarynyň çaklamalaryna görä, dünýä ykdysadyýetiniň 2017-nji ýyldaky ösüş depgininiň 3,5-3,6 göterime eýe boljakdygyna garaşylýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde bolsa, 2017-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşiniň depgini 6,5 göterime deň boldy. Şeýle hem degişli döwürde senagat toplumynda göz öňünde tutulanyndan 5,8 göterim, gurluşykda 1,4 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10,9 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda 5,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda 8,9 göterim ösüş gazanyldy.
Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde, dürli önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberi 6,1 göterim artdy. Şol önümleriň arasynda sement, pagta süýümi hem-de beýleki harytlar bar. Şonuň bilen birlikde, daşary ýurtlardan getirilýän çig malyň we materiallaryň möçberi 21 göterime golaý azaldy. Çig malyň, materiallaryň, azyk we azyk däl harytlaryň getirilýän möçberleriniň azalmagyna, bu harytlaryň özümizde öndürilişiniň artdyrylmagy ep-esli derejede täsir etdi.
DAŞARY SYÝASATDA
OŇYN ÖZGERTMELER
Milli Liderimiziň parahatsöýüjilik hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna ýugrulan daşary syýasat strategiýasynyň saýasynda ýurdumyzyň halkara abraýy gün-günden ýokarlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylyga hem-de dürli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Täze ýylyň bosagasynda ýene-de bir şatlykly habar gelip gowuşdy. Milli Liderimiziň teklipleri bilen, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesine çykarylmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň ykrarnamasydyr. Şu ýyl 12-nji dekabry tutuş dünýä jemgyýetçiligi türkmen halky bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden belläp geçdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 72-nji maslahatynyň 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda geçirilen 55-nji umumy mejlisiniň barşynda “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Rezolýusiýasyny kabul etdi. Milletler Bileleşiginiň agza döwletleriniň 57-si onuň awtordaşlary hökmünde çykyş etdiler. Gün tertibiniň 65-nji meselesi boýunça “Dünýä gurluşy we parahatçylygy saklamak” ady bilen garalan Rezolýusiýanyň taslamasy Türkmenistan tarapyndan teklip edildi hem-de onuň awtordaşlary hökmünde çykyş eden BMG-niň agza döwletleriniň şeýle ýokary goldawyna eýe boldy.
Türkmenistan dünýäniň iri halkara guramalary, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly halkara we sebit guramalary, dünýäniň ähli ýurdy bilen ysnyşykly, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Munuň netijesinde, ýurdumyzda öz ilçihanalaryny açýan ýurtlaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär. Ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän taraplaryň sany barha artýar.
Ýurdumyz 2017-nji ýylda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etdi. Biziň ýurdumyzyň Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda durnukly energetika ulgamynda täze halkara hukuk guralynyň işläp taýýarlanylmagyny işjeňleşdirmäge ýardam berýän toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy.
Mundan başga-da, şu ýylyň 14-15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Forumyň esasy wakasy Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasyndaky ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga gol çekilmegi boldy. RECCA VII jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi, onda gatnaşyjy döwletleriň we halkara guramalaryň sebitleýin we sebitara möçberinde geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy öz beýanyny tapdy.
AZYK SENAGATY – BOLÇULYGYŇ
GIREWI
Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň möhüm ugrudyr. Oba hojalygynda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi, ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň, kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde, bu ulgamda düýpli üstünlikler gazanyldy.
2017-nji ýylyň 11 aýynyň içinde jemi içerki önüminiň umumy möçberinde ýurtda öndürilen oba hojalyk önümleriniň paýy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 5,1 göterim artdy. Hususan-da, unuň öndürilişiniň ösüş depgini 104,7 göterim, aş önümleriniňki 108,7 göterim, etiňki 101 göterim, gök önümleriňki 101,7 göterim, bakja önümleriniň ösüş depgini 105,3 göterim üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan şu ýylyň 11 aýynda oba hojalyk we azyk önümleriniň 1 milliard 312 million manatlygy öndürilip, 131,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.
2015-nji ýylda üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünligi üçin ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ýörite baýragyna mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Täze ýylyň öň ýanyndaky şu günlerde paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky söwda merkezleriniň we bazarlaryň tekjelerinde harytlaryň dürli görnüşleriniň bol bolmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, şol sanda azyk önümlerini öndürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNDA INNOWASION ÖSÜŞLER
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” möhüm resminama bolup durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, türkmenistanlylaryň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir. Milli Liderimiz 2017-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda bu maksatnamanyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Onda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak, sebitde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ulgamynda anyk çäreleriň toplumy göz öňünde tutulýar.
2018-2024-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge 240 milliard manatdan gowrak serişdäni goýbermek göz öňünde tutulýar, şunda nebitgaz toplumyna 159,9 milliard manat maýa goýumlary gönükdiriler. Nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak üçin geologiýa-gözleg işleriniň gerimini giňeltmek bilen birlikde, energetika ulgamynyň kärhanalaryny täze tehnikalar we tehnologiýalar bilen üpjün etmäge, döwrebap düzümleri, nebit we gazhimiýa önümleriniň köp görnüşlerini çykarýan ylym bilen baglanyşykly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berler.
Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda amala aşyrylýan syýasat açyklyk, aýanlyk, özara jogapkärçilik, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda guralýar.
Möhüm strategiki başlangyçlaryň ýene-de biri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda geçirijilik ukyby ýylda 33 milliard kub metre barabar bolan turbageçirijiniň 214 kilometrlik türkmen bölegini çekmek işi güýçli depginde alnyp barylýar. Bu taslamany Owganystanyň we Pakistanyň çäginde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly tehniki işlere badalga berildi. 2018-nji ýylda bu taslamanyň owgan böleginiň gurluşygyna girişiler.
Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenarýaka zolagynda, Amyderýanyň kenarynda, Merkezi Garagumda geljegi uly nebitgaz ýataklaryny, şeýle hem dünýädäki iň iri gaz ojaklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz ojagyny senagat taýdan çalt özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek dowam etdiriler.
SENAGAT PUDAGYNDA DÜÝPLI
ÖZGERTMELER DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy agrar ýurt bolmakdan çykaryp, kuwwatly senagat ýurduna öwürmek baradaky strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda senagat önümçiligi giň gerimde dowam etdirilýär. Gurluşyk harytlarynyň dürli görnüşleriniň – sementiň, keramiki kerpijiň, armaturyň, metal profilleriň, plastmas we aýna süýümli turbalaryň öndüriliş möçberi artdyryldy. Milli Liderimiz elektron senagatyny mundan beýläk-de ýokary depginde ösdürmegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda elektron tehnikasynyň we ýokary tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň zerur bolup durýandygyny öwran-öwran nygtaýar. Olary satyn almak we ornaşdyrmak üçin ägirt uly serişdeler sarp edilýär. Elektron, elektrotehniki harytlary we daşary ýurtlardan getirilýän beýleki önümleri çykarýan önümçilikler döredilýär. Bu ulgamda hem ýurdumyzyň telekeçilerine möhüm orun berilýär. Olar öz işlerinde ýerli çig maly hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanmaga aýratyn üns berýärler.
Ýurdumyzyň senagat düzüminiň ösdürilmeginde dokma senagatynyň paýy uludyr. Özüniň tebigy-howa şertleri boýunça ýurdumyz orta we inçe süýümli pagtanyň iň gymmatly görnüşlerini öndürmek üçin has oňaýly zolak bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda senagatyň kemala gelip başlan döwründe ýurdumyzda öndürilýän pagtanyň bary-ýogy 3-4 göterimi gaýtadan işlenilen bolsa, häzirki wagtda onuň kuwwaty pagta arassalaýjy zawodlardan gelip gowuşýan çig malyň ýarysyndan gowragyny gaýtadan işlemäge ukyplydyr. Häzirki döwürde desgalaryň 70-e golaýyny – iri toplumlary, pagta egriji, dokma, tikin-trikotaž we ýüpek kärhanalaryny özüne birleşdirýän pudagyň döwrebap önümçilik binýady has-da kuwwatlandy. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 70 göterimi eksporta ugradylýar. Ol önümler ekologiýa taýdan arassalygy, tehnologik hili we göze gelüwliligi bilen daşary ýurt sarp edijilerini özüne çekýär.
ULAG DÜZÜMLERINIŇ
SAZLAŞYKLY ÖSÜŞI
Milli Liderimiz suw, howa, demir ýol we awtomobil ulaglarynyň baglanyşygyny üpjün edýän iň häzirki zaman aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň ulag ulgamyndaky halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna sebäp bolýar. Soňky on ýyllygyň dowamynda durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatlaryndan başga-da, Türkmenistan ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän özboluşly inženerçilik-ulag geçelgeleriniň gurluşygy boýunça ägirt uly ösüşlere eýe boldy. 2017-nji ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda häzirki zaman Türkmenabat-Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyşy boldy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň çägi dünýä ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr geçelgesine öwrülýär. Yklymyň hut şu bölegi häzirki döwrüň ählumumy geoykdysady ýagdaýynyň möhüm şertini emele getirýär. Biziň sebitimiz Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň adaty geçelgesi bolmak bilen, ol gysga ýol arkaly Aziýany we Ýewropany birleşdirýär. Halkara söwda we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamy boýunça ygtybarly we bökdençsiz gatnawy üpjün edýär.
Söwda üçin bolsa, ulag geçelgeleri möhümdir. Türkmenistan ulag düzümlerini işjeň ösdürmek bilen, polat ýollaryň möhüm çatrygyna, Ýewraziýanyň iri logistiki merkezine öwrülýär. Şeýle hem ýurdumyz Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär. 2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly çekmek boýunça işlere badalga berildi. Demir ýollar we awtomobil ýollar Turgundy şäherini Owganystanyň Hyrat welaýatynda Aşgabat bilen, soňra Hazar deňzinde Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menzili bilen birleşdirýär. Ondan aňry geçelge Hazaryň üsti bilen Bakuwa çenli, soňra bolsa Tbilisiniň üsti bilen Ankara we ondan aňryk Stambula çenli dowam eder.
Gadymy döwürlerde Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly milli Liderimiziň syýasy erki netijesinde häzirki zaman şertlerinde täze mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanda Aşgabadyň halkara howa menzili ýaly, ägirt uly taslamalar amala aşyryldy. Türkmenbaşy deňiz porty, Aşgabat-Türkmenbaşy awtobany we beýlekiler gurulýar. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglary üçin oňaýly we howpsuz halkara ulag ýollary döredilýär, bu bolsa sebitde durnukly ösüşi-halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň giňelmegini, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, söwda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagyny üpjün edýär.
YLYM-BILIM, MEDENIÝET,
SPORT WE SAGLYGY GORAÝYŞ
Ýurdumyzda ylym-bilim, sport, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda ösüş depgini barha rowaçlanýar. Muňa üstümizdäki ýylyň dowamynda gazanylan ösüşleriň görkezijileri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, 80 medal eýelediler we baýrakly orunlaryň, halkara internet olimpiadalarynda dürli derejelerdäki diplomlaryň 143-sine mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara ders olimpiadalarynda 28 medal eýelediler. Olar birnäçe internet taslamalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlaryň 171-sine mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi türkmen türgenleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde gazanan ägirt uly ýeňişlerinden ybaratdyr. Ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 178-si, köpçülikleýin sport çäreleriniň 110-sy geçirildi. Şu döwürde türkmen türgenleri halkara sport bäsleşikleriniň 109-syna gatnaşdylar.
Medeniýet ulgamyndaky giň halkara hyzmatdaşlygy esasynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny tutuş dünýäde wagyz etmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Küştdepdi aýdym-saz sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilmegi hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy gorap saklamak, ösdürmek, ony dünýä ýüzünde wagyz etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini alamatlandyrdy.
Gazanylan bu ajaýyp netijeler merdana halkymyzyň ruhuny belende göterýär. Bagtyýar raýatlarymyzyň berkarar döwletimize, Gahryman Arkadagymyza bolan egsilmez guwanjyny, buýsanjyny artdyrýar.
Täze ýylda merdana halkymyza bagtyýar ýaşaýyş, berkarar döwletimize uly ösüşler arzuw edýäris!
Goý, Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutuş adamzat bähbitli belent tutumly işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin!
“Zaman-Türkmenistan”.