Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçil syýasaty dünýä giňişliginde türkmen döwletiniň abraýynyň artmagyny şertlendirdi. Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň sazlaşykly häsiýeti hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň uly ynam bildirmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň teklipleri bilen, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.
Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen ozal kabul edilen resminamalara, has takygy, 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda “Durnukly ösüş maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýa hem-de 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmägiň ýolunda” atly Rezolýusiýa salgylanandygyny bellemek gerek.
Milletler Bileleşigi bu resminamada Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatyny geçirmegi babatda Türkmenistanyň Hökümetiniň tagallalaryny goldady hem-de bu forumda Aşgabat beýannamasynyň kabul edilmegini kanagatlanma bilen belledi.
Mundan başga-da, Rezolýusiýada 2014-nji ýylyň 3-nji we 4-nji sentýabrynda türkmen paýtagtynda Ýewropa ykdysady topary, Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we durmuş topary hem-de Halkara awtomobil ulaglary birleşigi bilen bilelikde geçirilen Halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny hakynda mesele boýunça ýokary derejeli halkara maslahatynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň ähmiýeti bellenildi.
Milli Liderimiz bu Rezolýusiýanyň örän uly ähmiýetini belläp, onuň intermodal logistiki merkezleriniň hem-de gury ýük portlarynyň üsti bilen, awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny utgaşdyrýan ulag ulgamlaryny döretmek üçin halkara kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýandygyny, olaryň sebit we halkara derejesinde ykdysady taýdan ösüşe hyzmat etjekdigini nygtady.
Häzirki wagtda Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini emele getirmegiň möhüm halkasy bolup çykyş edýär. Her ýylda 10-12 million tonna ýük daşamaga ukyply Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ulanyşa girizilmegini bu ugurdaky mysal hökmünde görkezmek bolar. Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda ulagda ýükleri daşamagyň möhüm düzüm bölegi bolar. 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Ymamnazar demir ýol menzilinde transmilli polat ýoluň – Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny ulanmaga bermek dabarasy boldy.