Bi­ler­men­ler kä­bir en­dik­le­riň sag­dyn dur­muşda ýaşamak üçin peý­da­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Gar­ra­ma­gyň gu­tul­gy­syz­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Şeý­le-de bol­sa, kä­bir en­dik­ler ada­myň uzak ýyl­lap sag­dyn ýa­şa­ma­gy­na ýardam edýär. «Na­tu­re» žur­na­lyn­da­ky ma­ka­la­da bu en­dik­ler ba­ra­da bel­le­ni­lip ge­çilip­dir. Ine, şol en­dik­le­riň kä­bi­ri:
Oňyn pikirlenmek. Haý­sy­dyr bir za­dy ýag­şa ýor­mak ýa-da me­se­lä­niň go­wy ta­ra­py­ny gör­mek adam sag­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär. Lon­do­nyň Pa­ty­şa­lyk kol­le­ji­niň hü­när­me­ni Ri­çard Sio­wyň pi­ki­ri­ne gö­rä, er­bet zat­la­ryň pi­ki­ri­ni et­mek sag­ly­ga oňaý­syz tä­sir ed­ýär. Oňyn pi­kir­len­mek adamyň gartaşmagy bi­len bag­ly ýü­ze çy­kyp bil­jek ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu ýag­daý be­de­niň gan aý­la­ny­şy­nyň hem-de ag­ra­my­nyň ka­da­ly bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Er­bet zat­la­ryň pi­ki­ri­ni et­mek gan aý­la­ny­şy art­dy­ryp, ada­myň tiz gar­ra­ma­gy­na ge­tir­ýär.
Otu­ryp tur­mak. Sag­dyn dur­muş üçin maşk et­me­giň peý­da­ly­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Otu­ryp tur­mak bol­sa, süňk­le­ri we da­mar­la­ry güýç­len­dir­me­giň iň go­wy maşk he­re­ket­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Wag­tyn­da uk­la­mak. Bi­ler­men­ler her gün şol bir wagt­da uk­la­ma­gy, uk­la­mak üçin ukyň gel­me­gi­ne ga­raş­ma­ly däl­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, ukyň gel­me­se-de, bel­li bir wagt­da uk­la­ma­gy en­dik edip bol­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, uly ýaşly adam­la­ryň üç­den bi­ri ýe­ter­lik de­re­je­de uku­sy­ny al­ma­ýar. Ýe­ter­lik de­re­je­de uk­la­maz­lyk bir­nä­çe nä­hoş­luk­la­ra ge­ti­rip bil­ýär.
Sagdyn iý­mit­len­mek. Ada­myň iý­ýän iý­mi­ti sag­ly­gy­na tä­sir ed­ýär. Mer­ji­mek, fa­sol, noý­ba we no­hut ýa­ly kö­sük­li ekin­le­riň dä­ne­le­rin­den taý­ýar­la­nan iý­mit­ler adam sag­ly­gy üçin has peý­da­ly.

My­rat BER­DI­N­ÝA­ZOW,
Ba­ba­daý­han et­rap has­sa­ha­na­sy­nyň luk­ma­ny.