Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Muhammet Ýunus Bangladeşiň wagtlaýyn hökümetine ýolbaşçylyk eder.
84 ýaşly Muhammet Ýunus wagtlaýyn hökümetiň Baştutany wezipesine ýeke-täk dalaşgär hökmünde tassyklandy. Ýunusyň özi hem özüne teklip edilen wezipäni eýelemek baradaky razylygyny tassyklady. Ol özüne bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirdi we ýurtda erkin saýlawlary geçirmäge çagyrdy.
Muhammet Ýunus dünýä ykdysady we jemgyýetçilik ösüşine goşan goşandy üçin 2006-njy ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy. Hususan-da, özüniň esaslandyran bankynyň üsti bilen Bangladeşiň garyp oba ilatyna mikrokreditleri berip başlandan soň, oňa mikromaliýeleşdirmegiň we mikrokreditiň öňdebaryjysy diýilip, baha berildi.