Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni hazarýaka döwletler tarapyndan bellenilýär

«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy go­ja­man Ha­za­ryň ke­na­ryn­da dö­re­di­len aja­ýyp ýer bo­lup, dün­ýä sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň mer­je­ni­dir. Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gur­lup ulan­ma­ga ber­len sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri, myh­man­ha­na­lar, döw­re­bap kot­tej­ler top­lum­la­ry, «Awa­za» şy­pa­ha­na­sy, «Awa­za» ak­wa­par­ky adam­la­ryň go­wy şert­ler­de dynç al­ma­gy, sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi üçin dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­ler­den ny­şan. Bu ýer­de dynç al­mak is­le­ýän­le­riň sa­ny her möw­süm­de yzy­gi­der­li art­ýar.
De­ňiz su­wy be­je­riş hä­si­ýet­li te­bi­gy se­riş­de­dir. Ha­zar deň­zi­niň şy­pa­ly su­wy, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa türk­men ke­na­ry­nyň hoş­tap ho­wa­sy yn­san be­de­ni­ni tap­la­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. De­ňiz ke­na­ryn­da ge­ze­lenç et­mek uky­ny ka­da­laş­dyr­ýar, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­na oňyn tä­sir ed­ýär. De­ňiz su­wu­nyň dü­zü­min­dä­ki duz­la­ryň hem be­je­ri­ji­lik häsiýeti örän ulu­dyr.
De­ňiz ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk ha­sap­la­nyl­ýar. Şo­nuň üçin hä­zir­ki dö­wür­de deň­ziň aras­sa­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak, gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da te­bi­ga­ty, deň­ziň aras­sa­ly­gy­ny go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­ler hem giň ge­rim­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bil­şi­miz ýa­ly, ýur­du­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň te­bi­ga­ty go­ra­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly en­çe­me Kon­wen­si­ýa­la­ry­na go­şul­dy hem-de öz üs­tü­ne ýük­le­nen borç­la­ry yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­rip gel­ýär. Hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len bi­le­lik­de eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar.
Ha­zar deň­zi se­bi­tiň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len köp san­ly hal­ka­ra tas­la­ma­la­ryň äh­mi­ýet­li bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Öza­ra bäh­bit­li yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, yg­ty­bar­ly we howp­suz dü­züm­le­ri dö­ret­mek, ýo­ka­ry dü­şe­wünt­li hem-de eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry çek­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­lar ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Ha­zar deň­zi­niň bio­lo­gik se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak, gaý­ta­dan di­kelt­mek hem-de peý­da­lan­mak, söw­da gä­mi gat­na­wyny, sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek, Ha­za­ryň düý­bü­niň ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni öz­leş­dir­mek we peý­da­lan­mak bo­ýun­ça se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mekde giň ta­gal­la­lar edil­ýär.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Ha­zar deň­zi­niň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si aja­ýyp­ly­gy, tä­sin­li­gi bi­len dün­ýä yl­myn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Bu ýer­de duş gel­ýän ösüm­lik­le­riň we haý­wan­la­ryň umu­my gör­nüş­le­ri­niň 65 gö­te­ri­me go­la­ýy Ýer ýü­zün­de di­ňe Ha­zar deň­zin­de duş­ýar. Ha­zar­da su­wo­tu­la­ryň 450-den gow­rak gör­nü­şi, su­wuň dür­li gat­lak­la­ryn­da ýü­züp ýa­şa­ýan ow­nuk oňur­ga­syz jan­dar­la­ryň 400-e go­laý gör­nü­şi mes­gen tu­tup­dyr. Ha­zar deň­zi ba­lyk tu­tul­ýan we däp bo­lan ba­lyk­çy­ly­gyň ösen ýe­ri hök­mün­de hem meş­hur­dyr. Ha­zar deň­zin­de gy­zyl­ba­lyk­la­ryň dün­ýä­de iň uly te­bi­gy sü­rü­si ýa­şa­ýar.
Ha­zar deň­zi bi­len bag­ly me­se­le­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­me­nis­tan bu wa­jyp ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň gat­na­şy­jy­sy bo­lup, äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän hyz­mat­daş­lar bi­len, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­mak we gi­ňelt­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len al­tyn­jy Ha­zar sam­mi­tin­de eden çy­ky­şyn­da Ha­zar deň­zi­ni «Müm­kin­çi­lik­ler deň­zi» di­ýip at­lan­dyr­dy. Ha­za­ryň şy­pa­ly de­ňiz ke­na­ry adam­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek üçin peý­da­ly bol­sa, onuň ýal­pak­ly­gyn­da­ky baý ener­gi­ýa gor­la­ry ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak ba­bat­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Seý­ran TAÝ­JA­NOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby.