Deňiz balykçylarynyň tutan balyklaryny iýmeýändikleri ençeme ýyl bäri belli. Olar uzak wagtlap deňizde bolýarlar, emma balyk iýmeýärler. Eýsem, deňiz balykçylarynyň arasynda tutan balyklaryny iýmek gadaganmy ýa-da munuň başga sebäpleri barmy? Geliň, olaryň bu syryny öwreneliň!
Gadymy döwürlerde deňiz balykçylarynda ýanynda alyp gaýdan iýmitini we naharyny zaýalaman saklamak üçin şertiň ýokdugy sebäpli, olar guradylan çörek we gök önümler bilen naharlanypdyrlar. Deňizde kyn şertlere duçar bolýan balykçylar balyk iýip bilerdiler, ýöne muny hiç haçan etmändirler. «Güýçli tupanda tolkunlar gämini urup, suw syçramagyň netijesinde ähli zat isribe çykardy. Biziň iň ygtybarly iýmitimiz kakadylan duzly çörek. Mata haltada duran bu çörek 3-4 aýlap zaýalanmaýar. Suwa basyp gury çörek iýmek iň lezzetlisi» diýip, balykçylar deňizdäki durmuşy gürrüň berýärler.
Geografik açyşlar döwründe italýan deňizçisi Antonio Pigafetta öz ýatlamalarynda gäminiň kapitanynyň tutulan balyklary iýmeýändigini ýazýar. Pigafetta munuň näme üçin beýledigini öwrenip: «Olar diňe tanaýan balyklaryny seýrek ýagdaýda iýýärler. Sebäbi zäherlenmekden gorkýarlar» diýip belleýär.
Elbetde, deňiz balykçylarynyň arasynda irki ýyllarda balyk iýmegiň netijesinde birnäçe betbagtçylykly ýagdaýlar bolandan soň, balyk iýmezlik däbi tutuş dünýä ýaýraýar. Üstesine gaýykda ýa-da gämide balyk bişirmek üçin şert hem ýok.
Balykda zäher barmy?
Deňiz balyklarynyň käbiriniň bedeninde örän az mukdarda zäher saklanýar. Bu zäher balyk ulaldygyça köpelip, tutuş bedenine ýaýraýar. Zäherli balyk näçe bişirilse-de, zäheri ýok bolmaýar. Şol sebäpli deňiz balykçylary tutan balyklaryny iýmekden saklanýarlar. Ispan balykçylary zäherli balygy tapawutlandyrmak üçin tutan balygyna kümüş teňňe dakyp görýärler. Eger teňňäniň reňki üýtgese, balyk zäherli hasaplanyp, gaýtadan deňze goýberilýär. Beýleki balykçylar bolsa, tutan balyklaryna siňekdir mör-möjekleriň gelýändigi ýa-da gelmeýändigi bilen zäherli balygy tapawutlandyrýarlar.