9-njy aw­gust­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň al­tyn­jy kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­na gat­naş­mak üçin Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty­na iş sa­pa­ry bi­len ge­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bu ýer­de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bi­len du­şuş­dy.
Iki goň­şy ýur­duň Baş­tu­tan­la­ry bi­rek-bi­rek bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de su­ra­ta düş­dü­ler.
Du­şu­şy­gyň ba­şyn­da Pre­zi­dent­ler yna­nyş­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne da­ýan­ýan däp bo­lan köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny we ony mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­li­ge ka­na­gat­lan­ma bil­dir­di­ler. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz­bek kär­de­şi­ne türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di hem-de ony ýo­ka­ry sy­lag — Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Hor­mat ny­şa­ny bi­len sy­lag­la­nyl­ma­gy bi­len gut­la­dy. Mu­nuň özi Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ara­syn­da dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň go­şan­dy­na ber­len ýo­ka­ry ba­ha­nyň ny­şa­ny­dyr.
Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti gut­lag­lar üçin çuň­ňur ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, ne­ti­je­li döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da we hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ägirt uly şah­sy go­şan­dy­ny bel­le­di hem-de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne goş­ýan uly şah­sy go­şan­dy üçin Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we min­net­dar­lyk bil­di­rip, ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň dür­li ul­gam­la­ry, şol san­da yk­dy­sa­dy­ýet, söw­da, ulag, me­de­ni­ýet ýa­ly mö­hüm ugur­la­ry öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ýy­lyň al­ty aýyn­da Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 14 gö­te­rim art­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň mö­hüm or­nu­ny, onuň no­bat­da­ky mej­li­si­niň şu ýy­lyň 15-16-njy iýu­lyn­da Daş­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­läp, Türk­men-öz­bek işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň üs­ti bi­len işe­wür to­par­la­ryň ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­gi tek­lip et­di.
Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti giň ugur­lar, şol san­da oba ho­ja­ly­gy, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, ne­bit­gaz top­lu­my, hi­mi­ýa se­na­ga­ty we beý­le­ki pu­dak­lar bo­ýun­ça öz­bek-türk­men yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň iş­jeň ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, öz no­ba­tyn­da, iki döw­le­tiň çäk­le­rin­de söw­da öý­le­ri­niň açyl­ma­gy­nyň hem-de yk­dy­sa­dy fo­rum­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň beý­le­ki wa­jyp ugur­la­ry­na de­gip geç­mek bi­len, Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň, Ýew­ro­pa­nyň, Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­ga­ryň ulag ul­gam­la­ry­ny bir­leş­dir­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­di­rip bil­jek­dik­le­ri­ni aý­dyp, ulag ul­ga­my­na aý­ra­tyn ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pars aý­la­gy­na hem-de Ha­zar deň­zi­ne çy­kal­ga­sy bo­lan Hy­taý — Gyr­gy­zys­tan – Öz­be­gis­tan – Türk­me­nis­tan ulag ug­ru­nyň, Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­ma­gyň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýa­kyn Gün­do­gar ulag ge­çel­ge­si­niň dö­re­dil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýan Aş­ga­bat Yla­la­şy­gy­na ün­si çek­di. Ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hem ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy.
Söh­bet­deş­ler me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2023-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Öz­be­gis­tan­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň ge­çi­ri­len­di­gi­ni ýat­la­dyp, türk­men ta­ra­py­nyň şu ýyl ýur­du­myz­da Öz­be­gis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni ge­çir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di. Umu­my pi­ki­re gö­rä, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar äh­li dö­wür­ler­de hem halk­la­ry bir­leş­di­rip, dost­lu­gyň we öza­ra dü­şü­niş­me­giň köp­rü­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň dün­ýä­de yk­rar edi­len nus­ga­wy şa­hy­ry, Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň giň­den bel­le­nil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da, şeý­le hem da­şa­ry ýurt­lar­da, şol san­da Öz­be­gis­tan­da-da köp san­ly da­ba­ra­lar gu­ral­ýar.
Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew şu ýy­lyň ba­şyn­da be­ýik türk­men şa­hy­ry­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny Öz­be­gis­tan­da giň­den bel­le­mek ha­kyn­da Ka­ra­ra gol çe­ken­di­gi­ni aý­dyp, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň di­ňe bir tür­ki halk­la­ryň däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň we me­de­ni­ýe­ti­niň ta­ry­hyn­da hem aý­ra­tyn orun eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, öz­bek Li­de­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy is­len­dik amat­ly wagt­da res­mi sa­par bi­len Öz­be­gis­ta­na gel­mä­ge ça­gyr­dy. Ça­ky­lyk min­net­dar­lyk bi­len ka­bul edil­di.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da söh­bet­deş­ler bi­rek-bi­re­ge berk jan sag­lyk, ro­waç­lyk, jo­gap­kär­li döw­let iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri, iki ýur­duň do­gan­lyk halk­la­ry­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk, gül­läp ösüş ar­zuw et­di­ler.