Lukmanlar hemmelere belli bolan gök çaýyň dürli süňk ýiliginiň kesellerinde ýardam berýändigini mälim etdiler. Mundan ozal, bu çaýyň şeýle häsiýeti barada bilinmeýärdi. Gök çaý ýürek-damar, rak keselleriniň howpunyň pese düşmegine we artykmaç agramdan dynmaga ýardam berýär. Şeýle hem, gök çaý ýokumly maddalara we antioksidantlara baýdyr. Mysal üçin, hytaýlylar ony gyzzyrmada, kellagyryny aýyrmakda we köp sanly beýleki nähoşluklardan halas bolmakda ulanýarlar. Golaýda waşingtonly alymlar, şeýle hem olaryň germaniýaly kärdeşleri gyzykly maglumatyň üstünden bardylar. Çaýyň düzümlerinden birisi has-da peýdaly eken. Alymlar gök çaýyň düzümindäki “gallat epigallokatehiniň” süňkleriniň ýiligi şikeslilere has-da peýdalydygyny anykladylar.
Mysal üçin, ol süňk ýiliginiň agyrylarynda we belok alyş-çalşygynyň bozulmagynda ýardam berip biler. Nähoşda amiloidoz bolanda onuň belok alyş-çalşygy bozulýar. Onuň bir görnüşinde ganda immunoglobulinleriň kadadan çykan ýeňil zynjyry emele gelýär. Şunuň bilen birlikde, olar nähoşuň dürli synalarynda mysal üçin, böwreginde we ýüreginde toplanýarlar. Barlag geçirijiler bu zynjyrlara “gallat epigallokatehinleriň” neneňsi täsir edýänligi bilen gyzyklandylar. Alymlar onuň sebäbini anykladylar. 9 nähoş şeýle synagy geçirmekde ýardam berdi. Barlagyň netijelerine görä, çaýyň düzümindäki bu madda bu zynjyrlary howpsuz ýagdaýa getiripdir. Mundan başga-da, gök çaýyň ýakymly tagamy bolup, nepesiňi durlamaga kömek edýär.