Saglyk üçin maşk ýa-da sport bilen meşgullanmagyň peýdalydygy hemmelere mälimdir. Adatça sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler gündelik durmuşynda ýöremek, ylgamak, ýüzmek we welosiped sürmek bilen meşgullanýarlar. Emma bilermenler tans etmegiň hem peýdalydygyna ünsi çekýärler. Tans adamzat taryhynda ýazuwdan has öň peýda bolupdyr. Tans adamyň fiziki we ruhy saglygyna oňyn täsir edýän has gyzykly fiziki hereketdir. Bilermenleriň bellemeklerine görä, tans adamyň ruhuny göterip, ýaşaýşa höwesini artdyrýar. Tansyň beýni üçin peýdaly taraplary hem bar. Tans beýniniň ýat we belli netijä gelmek bilen bagly ýerini ösdürýär. Tans hereketleri öwrenilende, adamyň beýnisi işleýär, hereket ukyby kämilleşýär, ünsi talap edýändigi üçin ýatkeşligi gowulanýar. Adamyň haýsydyr bir aýdym diňläninde ýa-da özi hiňleneninde eli bilen bir zada tyrkyldadyp, «saz çalmagy» tebigatynda bar. Tans etmek ýörite ukyp talap etmän, her kim özüne laýyk tans bilen meşgullanyp biler.
Jemal Haýydowa,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň esasy usulyýetçisi.