Taryhyň dowamynda adamlar näbelli we düşünmedik zatlaryndan özlerini howpsuz duýmak üçin, şeýle hem gorkuly ýagdaýlardan çykalga gözläp dürli yrymlary döredipdirler. Irki zamanlarda ýaşap geçen adamlaryň ynanan zatlarynyň käbiriniň hakykata laýyk gelmegi bilen yrymlar durmuş ýörelgesine, hatda köp halkyň milli däp-dessurlaryna öwrülipdir. Her bir halkyň özüne mahsus yrym-ynançlary bar. Yrymlar öz dörän döwri bilen, şol döwürlerdäki ynançlar bilen bagly bolup, ylma esaslanmaýar. Hakykata laýyk gelmeýändigine garamazdan bu durmuş ýörelgeleriniň ulanylyşy şu günlerde hem dowam edýär. Geliň, käbir halkda nesilden-nesle geçip gelýän yrymlar bilen tanyş bolalyň!
Barmaklaryňy kesişdirmek. Günbatar Ýewropada orta we süýem barmagyňy gaýçy şekilinde kesişdirmek islendik ýagdaýda şowlulyk getirýär diýen yrym bar. Bu ynanç Ýewropa ýurtlaryna hristianlardan öň, butparazlar döwründe ýaýrap başlapdyr. Ýewropalylar barmaklaryny atanaklaýyn birleşdirmek bilen, kömek ediji güýçleriň şol ýere jemlenýändigine we arzuwlaryň basym amala aşjakdygyna ynanypdyrlar. Yryma ynanýanlar ilkibaşda iki süýem barmagyny atanaklaýyn birleşdiren bolsalar, soňlugy bilen her eliniň orta we süýem barmaklaryny aýratynlykda kesişdirip, üstünlik gazanyp boljakdygyna düşünipdirler. Häzirki wagtda hem dowam edýän bu ynanç, esasan, ýaşlaryň arasynda has ýörgünli ulanylýar.
Gara pişik. Esasan, Ýewropa ýurtlarynda ýoň bolan gara pişik meselesi şu günler hem dowam edýär. Aslynda Ýewropada pişik şowlulyk getirýän jandar hasaplanýar. Ýöne yrymçylaryň köpüsi pişigiň gara reňkli bolmagyny garaňkylyk bilen baglanyşdyryp, «erbetlikleriň keşbi» diýip alamatlandyrýar. Gadymy Rimde dörän bu yrymyň düýp manysynda gara pişik erbetlik, betbagtlyk we şowsuzlyk getirýär diýen ynanç bar. Köp ýerde gijesine gara pişik görmek, ýoluňy gara pişigiň kesip geçmegi erbet ýagdaý hasaplanýar.
Nal asmak. Gadymy Rimliler atdyr at esbaplarynyň şowlulyk getirýändigine ynanypdyrlar. Şeýlelik bilen olar gapysyndan nal asyp goýupdyrlar. Soňlugy bilen nal asmak däbi Ýewropa medeniýetine hem aralaşypdyr. Şol döwürler nal erbet güýçlerden goraýan, şol öýe bagt getirýän gymmat bahaly metal hasaplanypdyr. Gapydan, öýüň görnüp duran ýerinden nal asmak däbi häzirki günlerde hem köp halkda dowam edýär.
Döwlen aýna. Köp halkda döwlen aýna seretmek betbagtlyk getirýär diýen yrym bar. «Döwülmek» ýakynlaryň haýsydyr birine zyýan ýetjekdigini öňünden habar berýär diýen manyda düşünilýär. Grek mifologiýasyndan gelip çykýan bu ynanja görä, döwlen aýna eýesine 7 ýyl betbagtlyk getirýärmiş. Umuman greklerde hem döwlen aýna seretmek, aýnanyň çat açmagy halanmaýar. Ýewropada bolsa, edil çat açan aýna ýaly, ýerde-de (ýolda, howluda, meýdanda) ýaryklaryň bolmagy we ondan kimdir biriniň basmagy erbetlik getirýär diýen ynanç bar.
Teňňe. Teňňäni ýokary oklanyňda ýüz (suratly) tarapyna düşmegi şowlulyk getirýär diýen ynanç bar. Bir işiň şowly ýa-da şowsuz boljakdygyny öňünden kesgitlemäge mümkinçilik berýän teňňe zyňmak yrymy köp halkyň medeniýetine ornaşypdyr. Ýewropalylar ýoldan ýöräp barýarka ýüz tarapyna ýatan teňňe tapsalar, üstünlik gazanjakdygyna, bagtyny tapjakdygyna ynanýarlar. Eger-de sanly tarapyna gaçan teňňe tapsalar, ondan arany açýarlar. Olar teňňäniň sanly tarapyna durmagy şowsuzlyk getirýär diýip düşünýärler.
Duz oklamak. Günbatarda iň köp ýaýran yrymlaryň biri hem adamyň egnine duz oklamakdyr. Ýewropalylar duz oklamak bilen şol adamyň egninde oturan erbet güýçleri kowýarys diýip düşünýärler. Bu yryma görä, erbetlikleriň köp bolşy ýaly duz bölejikleriniň hem köpdügi, duz sepmek arkaly erbet güýçleriň gözüniň kör bolýandygy görkezilýär. Leonardo da Winçiniň «Soňky agşam nahary» kartinasynda hem şu ynanja mahsus alamatlar suratlandyrylýar.
Tagta kakmak. Yrymlaryň arasynda iň köp ýaýrany tagtany 3 gezek tyrkyldatmak bolup, bu yrym her medeniýetde başgaça ulanylýar. Hindi-ýewropa medeniýetinden gözbaş alýan bu yrymyň aňyrsynda erbet güýçleriň agaçdan ýasalan öý esbaplarynda ýaşaýandygy göz öňünde tutulýar. Haçanda gep-gürrüňiň arasynda, öýde ýekelikde gorkuly ýagdaýa düşen wagtyň tagta 3 gezek kakmak gorkuly güýçleri kowýar diýlip düşünilýär.