Öý­den çyk­man­kak sa­tyn al­mak is­le­ýän zat­la­ry­my­zyň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­mak ba­zar­da­ky işi­mi­zi has aň­sat­laş­dyr­ýar. Kä­te gys­sa­nyp, sa­naw ýaz­maz­dan ýa-da ýa­zan sa­na­wy­my­zy ýat­dan çy­ka­ryp gaýt­sak, nä­me­le­ri al­ma­ly­dy­gy­myz ba­ra­da köp pi­kir­len­ýä­ris. Öý­den gaýt­man­kak ge­rek zat­la­ryň äh­li­si­ni bil­ýän hem bol­sak, söw­da edip baş­la­ny­myz­da kö­pü­si ýa­dy­my­za düş­me­ýär. Şeý­le­lik­de, öýe ge­le­ni­miz­de «wiý» di­ýe­ni­mi­zi duý­man gal­ýa­rys. Eý­sem, bu ýag­daý nä­me bi­len bag­ly­ka?!
Ýat­keş­lik. Al­ma­ly zat­la­ryň esa­sy­la­ry­nyň ady­nyň ýat­da sak­la­nyp, beý­le­ki­le­ri­niň ýat­dan çyk­ma­gy, il­ki bi­len, ýa­dyň iş­jeň­li­gi bi­len bag­ly­dyr. Kä­bir adam bir­nä­çe za­dy ýa­dyn­da sak­lap bil­ýän bol­sa, kä­bir adam bir-iki zat­dan ar­tyk­ma­jy­ny ýa­dy­na dü­şü­rip bil­me­ýär. Göz äh­li za­dy gör­ýär, em­ma gö­rüş duý­gu­sy için­den iň ge­rek­li­le­ri­ni beý­nä ýe­tir­ýär. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, gö­ren zat­la­ry­myz gys­ga möh­let­li (wagt­la­ýyn) ýa­da geç­ýär. Adat­ça köp adam bir ge­zek­de di­ňe 7 sa­ny za­dy ýat­da sak­lap bil­ýär. Şol se­bäp­li ho­ja­lyk üçin ze­rur bo­lan se­riş­de­le­riň sa­na­wy­ny düz­mek äh­li adam üçin iň go­wy çy­kal­ga­dyr.
Köp za­dyň bol­ma­gy. Ba­zar­dyr mar­ket­ler­de köp ha­ry­dyň bol­ma­gy, ýag­ny gö­züň köp za­da düş­me­gi al­mak­çy bol­ýan ha­ry­dy­my­zyň ýat­dan çyk­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Gö­rüş ar­ka­ly ka­bul edi­len mag­lu­mat­lar wagt taý­dan 15-30 se­kunt ýat­da sak­lan­ýar. Tä­ze zat­la­ry gör­mek ar­ka­ly beý­le­ki­ler du­ra-ba­ra ýat­dan çyk­ýar.
Ün­süň so­wul­ma­gy. Kä­te pi­kir­dir ala­da­lar bi­len, kä­te bol­sa ba­zar­da­ky ýa-da söw­da mer­ke­zin­däki haý­sy­dyr bir za­da ün­süň çe­kil­me­gi bi­len al­ma­ly zat­la­ry­myz ýat­dan çyk­ýar. Üns is­len­dik mag­lu­ma­tyň ýat­da uzak ýa-da gys­ga wagt­lap sak­lan­ma­gy­na öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Sa­naw ýa­zy­lan­da ge­rek bo­lan il­kin­ji zat­la­ryň at­la­ry üns­li ýa­zyl­ýar. Şol se­bäp­li sa­na­wyň ba­şyn­da­ky ge­rek­li ha­ryt­la­ryň ady ýat­da uzak wagt­lap sak­lan­ýar. Ge­rek­li ow­nuk-uşak zat­la­ra kän­bir üns be­ril­me­ýän­di­gi üçin der­rew ýat­dan çyk­ýar.
Ýat­dan çy­kar­maz­lyk üçin nä­me et­me­li?
Söw­da et­mä­ge iki ge­zek gi­dip-gel­mez­lik üçin ýa-da ge­rek bo­lan ow­nuk-uşak zat se­bäp­li ýol­dan yzy­ňa gaýt­maz­lyk üçin öý­den çyk­man­kaň sa­naw düz­me­li. Ge­rek­li zat­la­ry te­le­fo­nyň bel­li­gi­ne hem ýa­zyp bi­ler­si­ňiz. Kä­bir adam ýa­nyn­da ka­gyz gö­ter­me­gi ýa-da te­le­fo­na se­re­dip söw­da et­me­gi ha­la­ma­ýar. Şeý­le ýag­daý­da ge­rek­li zat­la­ryň ady­ny ýat­da sak­lap, bir­nä­çe ge­zek gaý­ta­la­ma­ly ýa-da ýa­dy­ňa dü­şer ýa­ly haý­sy­dyr bir zat bi­len bag­la­nyş­dyr­ma­ly. On­da nä­me, söw­da­ňyz oňu­na bol­sun! Ýat­dan çy­kan zat ýok­dur-da, her­nä!