1858-nji ýylyň 16-njy awgustynda ABŞ-nyň Prezidenti Jeýms Býukenen ilkinji transatlantik telegrafy tanyşdyrýar. Şol gün prezident Býukenen aragatnaşygyň täze görnüşi arkaly Beýik Britaniýanyň Şa zenany Wiktoriýa bilen salamlaşýar. Aragatnaşygyň bu täze görnüşi ummanyň aňyrsyna habar ugradyp bilýän ilkinji telegrafdyr. Birnäçe hepdeden soňra transatlantik telegraf pes signal sebäpli ýapylýar. Şeýle-de bolsa, soňra başga telegraf liniýasy açylyp, halkara aragatnaşyk kämilleşýär.

Suratda: Telegraf kabellerini düşeýän “Great Eastern” atly gämi.