ABŞ-nyň Wiskonsin ştatynda agaçdan dünýäniň iň beýik binasyny gurmak meýilleşdirilýär. “New Atlas”-yň ýazmagyna görä, ägirt uly taslama “Michael Green Architecture” (MGA) binagärlik býurosy tarapyndan işlenip taýýarlandy. Täsin taslama dünýäniň häzirki iň beýik agaç binasy bolan 25 gatly “Ascent” diňinden hem ep-esli beýik bolup, ol 55 gatdan ybarat bolar. Geljekde bu diň 750 ýaşaýyş öýüni, takmynan, 17 müň 600 inedördül metr ofis otaglaryny, 300 sany myhmanhana otagyny, jemgyýetçilik ýerlerini, awtoulag duralgasyny şeýle hem 3 müň 700 inedördül metr söwda meýdançalaryny öz içine alar. Aýratyn hem MGA binagärlik býurosy häzirkizaman agaç materiallarynyň ýokary derejede berkdigini, şeýle hem ol materiallaryň oda çydamlydygyny, şol sebäpli olaryň beýik jaýlary gurmak üçin iň laýyk derejedäki materialdygyny bellemek bilen, agajyň gaýtadan dikeldilýän çeşmedigi üçin ekologiýa taýdan durnukly boljakdygyna wada berýär. Taslamanyň bahasy 700 million dollardan gowrakdyr.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.