Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde yssy howa akymy dowam edýär. Howanyň yssy günlerinde saglygyňy durnukly saklamak esasy wezipe bolup durýar. Howanyň çakdanaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gündiziň jöwzaly yssysynda çagalaryň daşarda oýnamaklaryna ýa-da gezelenç etmeklerine rugsat bermeli däl. Ýaş çaganyň bedenine gerek bolan D witamini almak üçin her gün irden sagat 09:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan soň 15-20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem zerurdyr. Beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizligiň, ukynyň bozulmagynyň we gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýöne Gün şöhlesiniň dowamly täsiriniň bedene örän uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl.
Gün urmadan goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşikleri, başyňa başgap geýmek ýa-da ýaglyk daňynmak, şeýle-de gözüňe Gün şöhlesinden goraýjy äýnekleri dakynmak we bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen, suwuklygyň der üsti bilen köp mukdarda bölünip çykmagy netijesinde, bedendäki deňagramlylyk bozulyp, bedendäki bar bolan makro we mikro elementleriň, witaminleriň köp mukdarda bölünip çykmagyna we ganyň goýalmagyna getirip bilýär. Munuň özi insult we infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna getirip biler. Arassa agyz suwy talabalaýyk içilende bedeniň immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak üçin mineral suwlary ýa-da arassa agyz suwuny her gün 2,5-3 litre golaý içmeli. Şeýle howa şertlerinde başga-da peýdaly içgiler bar. Olara miwe önümlerinden taýýarlanan şireler, süýt we süýt önümlerinden taýýarlanan içgiler degişlidir.
Nurmuhammet Nurmuhammedow,
Aşgabat şäherindäki 15-nji Saglyk öýüniň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary.