Soňky ýyllarda ösen tehnologiýa nebit ýangyjynyň ýerine batareýa bilen işleýän dürli ulaglary öndürmäge mümkinçilik berýär. Ulaglaryň elektrik energiýasy bilen işlemegi howa goýberilýän tüssäniň öňüni almaga ýardam edýär. Esasan, ulaglaryň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşleri çykarylýan hem bolsa, uçarlar, ýük ulaglary we gurluşyk maşynlarynyň hem elektrik bilen işleýän görnüşleri işlenip taýýarlanýar. Belgiýanyň paýtagty Brýusselde bolsa, syýahatçylaryň gezdirilmegi üçin ulanylýan at arabalary elektrikli edildi. Şeýlelikde, Brýussel syýahatçylary şähere aýlamak üçin tok bilen işleýän at arabalaryny ulanan ilkinji şäher boldy. Şäheriň mejlisi 2022-nji ýylda at arabalarynyň ýerine elektrik energiýaly arabalaryň ýola goýulmagy barada karar kabul edipdir. Golaýda iki araba atlaryň deregine elektrikli motor bilen hereket edip başlapdyr. Bu arabalar Polşada öndürilipdir. Golaýda ýene bir arabanyň hyzmata hödürlenmegine garaşylýar. 1832-nji ýylda at arabasyna elektrikli hereketlendiriji oturdyp, ilkinji elektroulagy ýasan şotland inženeri Robert Andersonyň hormatyna «Anderson» diýip at goýupdyrlar. Döwrebap arabalar bir gezekki zarýady bilen 120 kilometr ýol geçip bilýär.
Gülzire ÇARYÝEWA,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.