Ça­ga­la­ry ter­bi­ýe­le­mek çyl­şy­rym­ly iş bo­lup, bir­nä­çe ça­ga­ny ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ata-ene­le­riň işi­ni has-da kyn­laş­dyr­ýar. Ça­ga­la­ryň her bi­ri­niň hä­si­ýe­ti­ne la­ýyk­lyk­da gat­na­şyk­da bol­mak, do­gan­la­ryň ag­zy­bir­li­gi­ni ga­zan­mak maş­ga­la ag­za­la­ry üçin wa­jyp­dyr. Ata-ene­le­riň bil­mez­lik­den ýa-da ga­har bi­len aýd­ýan söz­le­ri kä­te do­gan­la­ryň ara­syn­da dü­şü­niş­mez­li­ge se­bäp bo­lup bi­ler. Maş­ga­la­da ça­ga­la­ryň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şyk, öz­le­ri­ni alyp bar­şy we bi­rek-bi­re­ge bo­lan sy­lag-hor­ma­ty ata-ene­le­riň ter­bi­ýe­si hem-de gö­rel­de­si esa­syn­da eme­le gel­ýär. Kä­te go­wy gör­lüp aý­dyl­ýan söz­ler soň­lu­gy bi­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da bäs­deş­lik ýa-da ga­ban­jaň­lyk ýa­ly duý­gu­la­ry dö­re­dip bi­ler. Bu ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak üçin kä­bir söz­ler­den hem-de jüm­le­ler­den ga­ça dur­mak mö­hüm­dir. Haý­sy jümleler do­gan­la­ryň ara­syn­da dü­şü­niş­mez­li­ge se­bäp bo­lup bi­ler? Ge­liň, bu­la­ryň kä­bi­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Do­ga­nyň­dan gö­rel­de al! Köp­lenç ula­nyl­ýan bu jüm­le soň­lu­gy bi­len bäs­deş­li­giň we ga­ban­jaň­ly­gyň ös­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ça­ga­ny de­ňeş­dir­mek, kem­sit­mek we baş­ga bi­ri­niň ýa­nyn­da kem­çi­lik­le­ri­ni aýt­mak dog­ry usul ha­sap­lan­ma­ýar. Ça­ga bi­len iki­çäk gep­leş­mek, my­la­ýym usul­da dü­şün­dir­mek dog­ry ha­sap­lan­ýar. My­sal üçin, «Do­ga­nyň­dan gö­rel­de al» däl-de, «Do­ga­ny­ňa se­ret, ol-a şeý­dip­dir, se­nem şeýt­seň gowy bol­maz­my? Nä­hi­li pi­kir ed­ýäň?» di­ýen ýa­ly çe­me­leş­me­li.
Do­ga­ny­ňy go­wy gör! Maş­ga­la­da bä­be­ji­giň gel­me­gi bi­len do­gan­la­ryň ara­syn­da kä­bir kyn­çy­lyk­lar dö­räp bi­ler. Esa­san hem, gap­ma-gar­şy­lyk duý­gu­sy ösüp, ga­ban­jaň­lyk hä­si­ýet­le­ri ýü­ze çy­kyp bi­ler. Bu ýag­da­ýyň öňü­ni al­mak üçin ça­ga­la­ryň hem­me­si­niň hem öň şu­lar ýa­ly ki­çi­jik bä­be­jik bo­lan­dy­gy­ny aýt­ma­ly. Kä­bir gy­zyk­ly ýat­la­ma­la­ry gür­rüň ber­me­li. Bä­be­ji­giň hem edil do­gan­la­ry­na meň­ze­ýän­di­gi­ni (he­re­ket­le­ri, ýüz keş­bi) aý­dyp, ola­ryň bi­le­lik­de wagt ge­çir­mek­le­ri­ni ga­zan­ma­ly. Şeý­le­lik­de, uly do­gan­la­ry bä­be­ji­giň ala­da­sy­ny edip ug­rar­lar. Gün geç­di­gi­çe jigilerini has-da go­wy gö­rer­ler.
Do­ga­ny­ňa se­ret! Maş­ga­la­da köp­lenç do­gan­la­ryň ulu­la­ry­na ji­gi­le­ri­ne se­ret­mek tab­şy­ryl­ýar. Bu ýag­daý kä­bir ha­lat­da dog­ry diý­lip bi­lin­ýän hem bol­sa, ça­ga­la­ra se­ret­mek ata-ene­le­riň bor­jy ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li uly ça­ga­la­ryň ki­çi­le­re se­ret­me­gi: iý­di­rip-içir­me­gi, gez­dir­me­gi ýa-da egin-eşik­le­ri­ni ça­lyş­ma­gy yzy­gi­der­li işe öw­rül­me­li däl. Ça­ga­lar buý­ran işi­ňi et­mä­ge ýe­ti­şen hem bol­sa öz ça­ga­lyk dün­ýä­si­ni ýa­şa­ma­ly. Ola­ra ýa­şy­na we uky­by­na gö­rä ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­jek işi­ni ynan­ma­ly, uly adam­la­ryň we­zi­pe­si­ni tab­şy­ryp ýa­dat­ma­ly däl.
Sen in­di uly, ji­gi­ňe be­räý! Ata-ene­ler ta­ra­pyn­dan köp­lenç ula­nyl­ýan bu jüm­le soň­lu­gy bi­len do­gan­la­ryň bi­ri-bi­ri­ni ýig­ren­me­gi­ne ge­ti­rip bil­ýär. Uly do­ga­nyna öz oý­na­wa­jy­ny, sow­gat ber­len za­dy­ny, dü­kan­dan ýo­lug­ra al­nyp ber­len mi­we su­wu­ny ýa-da şo­ko­la­dy ji­gi­ňe ber diý­lip aý­dyl­ma­gy, mej­bur edil­me­gi ýal­ňyş ha­sap­lan­ýar. Bu usu­ly ulan­mak do­gan­la­ryň ara­syn­da gap­ma-gar­şy­lyk­ly ýag­daý­la­ry dö­re­dip bil­ýär. Maş­ga­la­da her ça­ga­nyň öz oý­na­wa­jy we şah­sy zat­la­ry bol­ma­ly. Şeý­le hem ça­ga­la­ra is­len­dik zat deň de­re­je­de we öz is­le­gi­ne gö­rä al­nyp be­ril­me­li.
Kim bi­rin­ji bo­lar? Maş­ga­la­da do­gan­la­ry bi­ri-bi­ri bi­len ýa­ryş­dy­ryp, soň­ra ýe­ňi­ji­ni sy­lag­la­mak ýal­ňyş çe­me­leş­me ha­sap­lan­ýar. Çün­ki bäs­deş­lik ça­ga­la­ry di­ňe bir oýun däl, duý­gy taý­dan hem bi­ri-bi­ri­ne gap­ma-gar­şy goý­ýar. Do­gan­la­ry bi­ri-bi­ri­ne gap­my-gar­şy goý­man, ola­ryň bir bi­te­wi to­par bo­lup ýe­ňiş ga­zan­ma­gy­ny ýo­la goý­ma­ly. Ola­ryň bi­ri-bi­ri­ni gol­da­ma­gy­ny we agzy­bir bol­ma­gy­ny ga­zan­ma­ly.
Me­niň üçin hem­mä­ňi­zem deň. Ça­ga­la­ry bi­ri-bi­ri­ne gap­ma-gar­şy goý­maz­lyk üçin aý­dyl­ýan bu jüm­le her ça­ga baş­ga­ça tä­sir edip bi­ler. Çün­ki ça­ga­la­ryň iş­jeň­li­gi, ba­şar­jaň­ly­gy we ze­hi­ni deň däl. Bu söz­le­ri eşi­den ça­ga­lar özün­de üýt­ge­şik artykmaçlygyň ýok­du­gy­na dü­şü­nip bi­ler­ler. Şol se­bäp­li bu jüm­lä de­rek ça­ga­la­ryň her­si­niň öz ha­la­ýan ug­ru­ny, ze­hin ber­len ta­ra­py­ny aý­dyp, mas­la­hat­lar ber­mek we ug­ruk­dyr­mak iň dog­ru­sy­dyr. Şeý­le­lik­de, çagalar özü­niň maş­ga­la­da­ky gym­ma­ty­na dü­şü­ner, şeý­le hem ata-ene­si­ne, do­gan­la­ry­na bo­lan yna­my ar­tar. Baş­ga­ça aýdylanda, her bir ça­ga­ny öz bol­şuna görä ka­bul et­me­li we onuň ze­hi­ni­ni aç­ma­gy­na ýar­dam ber­me­li.