Dün­ýä­de ýi­tip git­mek how­py aban­ýan jan­dar­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýän pan­da­lar bam­buk to­kaý­lyk­la­ry bi­len ta­nal­ýan Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýa­şa­ýar­lar. Hä­zir­ki wagt­da bu ena­ýy­ja aýy­la­ryň sa­ny­nyň 2 müň­den geç­me­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Du­man­ly we ýa­gyş­ly ho­wa uý­gun­la­şan pan­da­la­ryň sü­tü­gi­niň ak we ga­ra reňk­de bol­ma­gy köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Eý­sem, nä­me üçin bam­buk aýy­sy­nyň reň­ki ap-ak, ýa şar ga­ra, ýa-da go­ňur däl. Nä­me üçin beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da pan­da­la­ryň sü­tü­gi ala­be­der?
Süý­dem­di­ri­ji­le­riň kö­pü­si­niň sü­tü­gi bir­sy­dyr­gyn reňk­de bol­ýar. Em­ma pan­da­la­ryň beý­le­ki jan­dar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da «eli», aýa­gy we gu­la­gy tu­tuş­ly­gy­na ga­ra bo­lup, göw­re­si­niň ga­lan bö­le­gi­ni ak sü­tük ört­ýär. Şeý­le hem äh­li pan­da­nyň gö­zün­de ga­ra me­nek­ler bar.
Ka­li­for­ni­ýa döw­let uni­wer­si­te­ti­niň te­bi­ga­ty we jan­ly-jan­dar­la­ry öw­re­ni­ji hü­när­men­le­ri pan­da­lar bi­len bag­ly bir­nä­çe bar­lag­la­ry ge­çir­di­ler. Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, pan­da­la­ryň ala­be­der sü­tü­gi bam­buk to­ka­ýyn­da we açyk gar­ly meý­dan­da howp­ly jan­dar­lar­dan giz­len­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem pan­da­la­ryň ýü­zün­dä­ki we gu­la­gyn­da­ky ga­ra me­nek­leriň giz­len­mek üçin däl-de, bi­ri-bi­ri bi­len ara­gat­na­şyk­da bol­mak üçin ze­rur­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Pan­da­la­ryň ga­ra me­nek­li gu­la­gy ýyr­ty­jy­lyk hä­si­ýe­ti­niň bar­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Gö­zün­dä­ki ga­ra me­nek­ler bol­sa, bu jan­dar­la­ryň bi­ri-bi­ri­ni ta­na­ma­gy­na ýa-da gar­şy­da­şy­ny gor­kuz­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Iý­mit­le­ni­şi bi­len bag­ly
Pan­da­lar beý­le­ki aýy­lar ýa­ly gyş uku­sy­na git­me­ýän­di­gi üçin dür­li ho­wa şert­le­rin­de iý­mit­len­me­li bol­ýarlar. Beý­le­ki ösüm­lik­ler­dir ot­lar bi­len iý­mit­le­nip bil­me­ýän­di­gi se­bäp­li bam­buk aýy­la­ry ha­la­ýan iý­mi­ti­ni tap­mak üçin gar­ly dag­lar­dan baş­lap, tro­pik to­ka­ýyň en­çe­me ýer­le­ri­ni gez­me­li bol­ýar­lar. Bu bol­sa pan­da­la­ryň ar­tyk­maç ýag top­la­ma­gy­na hem-de pa­syl­la­ra gö­rä sü­tü­gi­niň reň­ki­ni üýt­get­me­gi­ne tä­sir et­me­ýär. Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, pan­da­la­ryň ýe­ke­je ösüm­lik bi­len iý­mit­len­me­gi hem-de iş­jeň ýag­daý­da bol­ma­gy ola­ryň reň­ki­niň şol bir dur­kun­da sak­lan­ma­gy­na tä­sir ed­ýär.