To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi ta­mam­la­nyp bar­ýar. Dynç alyş möw­sü­min­de çe­per eser­le­ri okan­sy­ňyz, tä­ze dost­lar tu­tu­nan­sy­ňyz, se­ýil­gäh­ler­de dynç alyp, sport bi­len meş­gul­la­nan­sy­ňyz. Eý­sem, tä­ze okuw ýy­ly­na gi­riş­mek, sa­pak­lar­dan has ýo­ka­ry ne­ti­je al­mak üçin nä­hi­li taý­ýar­lyk gör­me­li?!
Sa­naw dü­zmek
Mek­dep üçin ge­rek­li okuw es­bap­la­ry­na se­re­dip, sa­na­w taý­ýar­la­ma­ly. Äh­li okuw es­bap­la­ryň ýerbe-ýer­di­gi­ni göz­den ge­çir­me­li. To­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi üçin ber­len ýu­muş­la­ry tä­ze­den gaý­ta­la­ma­ly.
Oka­mak üçin ýer ta­ýýarlamaly
Asu­da ýer­de ders­le­ri has ne­ti­je­li özleşdirip bolýar. Ders­le­ri­ňi­ze taý­ýar­lan­ýan ota­gy­ňy­zy, sto­lu­ňy­zy, ki­tap tek­jä­ňi­zi we beý­le­ki okuw es­bap­la­ry­ny aras­sa­la­ma­ly. Ge­çen ýyl­dan ga­lan ge­rek­me­jek zat­la­ry aýyr­ma­ly. Müm­kin­çi­lik bol­sa, sto­lu­ňy­zyň ýe­ri­ni üýt­get­me­li. Ýöne onuň ýag­ty ýer­de dur­ma­ly­dy­gy­ny unut­ma­ly däl. Öý iş­le­ri­ne taý­ýar­la­nyl­ýan ota­ga pen­ji­re­den ýag­ty­­ly­gyň düş­me­gi gö­rüş üçin peý­da­ly­dyr.
Me­ýil­na­ma taý­ýar­lamaly
Gün­de­lik et­me­li iş­le­ri­ňize, oka­ma­ly ki­tap­la­ry­ňy­za de­giş­li jed­wel taý­ýar­la­ma­ly. Jed­wel edil se­ne­na­ma ýa­ly bo­lup, on­da gün­de­lik et­me­li we eden iş­le­ri­ňi­zi ýa­zyp bi­ler­si­ňiz. Jed­wel si­ziň gü­nüň, hep­dä­niň ýa-da aýyň do­wa­myn­da et­me­li iş­le­ri­ňi­zi bir ýer­de jem­läp, ýat­dan çy­kan zat­la­ry ýat­lat­ma­ga kö­mek eder.
Gör­nüş­le­ri­ne gö­rä bö­lmeli
Ki­tap­la­ry­ňy­zy we beý­le­ki zat­la­ry­ňy­zy ýer­leş­di­re­ni­ňiz­de ola­ry ugur­daş gör­nüş­de to­par­la­ra bö­lme­li. Bel­lik­le­ri­ňi­zi, okuw ders­le­ri­ne de­giş­li ki­tap­la­ry, okuw­dan daş­ga­ry öz­baş­dak oka­ýan ki­tap­la­ry­ňy­zy, dep­der­le­ri, su­rat al­bo­my­ny we beý­le­ki uly öl­çeg­dä­ki ka­gyz­la­ry aý­ra­tyn­lyk­da ýer­leş­di­rme­li.
Okuw es­bap­la­ry­na bel­lik etmeli
Ruç­ka, ga­lam, çyz­gyç, ga­lam gu­tu­sy, reňk se­riş­de­si ýa­ly okuw es­bap­la­ry­ňy­za bel­lik et­me­li. Ge­rek­li­si­ne ady­ňy­zy ýa­zma­ly. Ady­ňy­zyň ýe­ri­ne dür­li şe­kil­ler­den we reňk­ler­den hem bel­lik go­ýup bi­ler­si­ňiz.
Okuwdan öň dynç almaly
Tä­ze okuw ýy­lyn­dan bir-iki gün öň söw­da mer­kez­le­ri­ne ýa ba­zar­la­ra gi­dip, oý­na güý­me­nip köp wagt ge­çir­me­li däl. Çün­ki oku­wyň öň ýa­ny ýa­da­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Ir ýa­typ, ir tur­ma­gy, er­tir­lik edin­me­gi en­dik et­me­li. Te­le­wi­zor, te­le­fon we komp­ýu­ter ýa­ly elek­tron en­jam­la­ra az­rak güý­men­me­li. Mu­ňa de­rek ki­tap oka­ma­ly, pazzl, küşt, şaş­ka ýa­ly paý­has oýun­la­ry­ny oý­na­ma­ly. Tä­ze alan egin-eşik­le­ri­ňi­zi ge­ýip gör­me­li. Okuw es­bap­la­ry­ňyzy taý­ýar et­me­li.
Şah­sy aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý etmeli
Ýan­tor­ba­ňyz­da ge­rek­li aras­sa­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň bol­ma­ly­dy­gy­ny unut­ma­ly däl. Çyg­ly sü­pür­giç­le­ri ula­na­ny­ňyz­dan soň­ra ýö­ri­te zi­bil gu­tu­sy­na taş­la­ma­ly. Ula­ga, jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy­na mü­ne­ni­ňiz­de se­re­sap bol­ma­ly. Jem­gy­ýet­çi­lik ula­gyn­da ýan­tor­ba­ňy­zy ýa­ny­ňyz­dan aýyr­ma­ly däl, şeý­le hem ýan­tor­ba­ny bel­len­me­dik ýer­de goý­ma­ly däl. Ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­ny berk ber­jaý et­me­li. Mek­dep­den öýe gelnen­de, il­ki bi­len el-ýü­zü­ňi­ ýuw­magy, egin-eşik­le­ri­ňi­zi, ýan­tor­ba­ňy­zy ter­tip­li goý­ma­gy en­dik et­me­li.