1609-njy ýylyň 25-nji awgustynda italýan astronomy, fizik, mehanik matematik Galileo Galileý öz oýlap tapan ilkinji teleskopyny Wenesiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryna görkezýär. Astronom ýurduň kanun çykaryjy işgärlerine soňky oýlap tapyşyny görkezmek üçin Wenesiýanyň merkezindäki Keramatly Markyň meýdanyna ýerleşýän sobora getirýär.
Galileý öz ýasan teleskoplary arkaly birnäçe asman jisimini ilkinji gezek açýar. Olaryň arasynda Gün ulgamynyň iň uly planetasy bolan Ýupiteriň dört hemrasy hem bar. Bu asman jisimleri Galileýiň hemralary diýlip atlandyrylýar.