2024-PWMTC

Guramaçy topar şu ýylyň noýabr aýynda nobatdaky Berkeley uniwersitetiniň hemaýatkärliginde Katarda geçiriljek mekdep okuwçylaryň halkara matematika bäsleşiginiň saýlanşyk tapgyryna çagyrýar.

Saýlanşyk tapgyry toparlaryň arasynda sentýabr aýynyň 4-23-i aralygynda geçiriler. Bäsleşik üç kategoriýadan, ýagny

2012-nji ýylda we ondan soňky ýyllarda doglan mekdep okuwçylar kiçi ýaş kategoriýasy (Junior level);

2009-njy ýylda we ondan soňky ýyllarda doglan mekdep okuwçylar orta ýaş kategoriýasy (Intermediate level);

2006-nji ýylda we ondan soňky ýyllarda doglan mekdep okuwçylar uly ýaş kategoriýasy (Advanced level);

Görnüşlerinde ýaryşyp bilerler.

Bellemeli zatlar:

  1. Gatnaşyjylar öz okuw merkezi, mekdebi, ýaşaýan ýeri ýa-da şuňa meňzeş görnüşde topar bolup bilerler.
  2. Her bir topar 6 okuwçy  we bir topar ýolbaşçydan ybarat bolup bilýär.
  3. Topar ýolbaşçysy mugallym bolmalydyr.
  4. Ýaryş 5 tapgyrdan: 2 ýekeleýin tapgyr (60 minut), 3 bölekleýin (21 minut), 1 toparlaýyn (14 minut).
  5. Soraglar türkmen we iňlis dillerinde.
  6. Ýeňijilere sertifikatlar we “Passenger bookstore” tarapyndan sowgatlar gowşurylar hem-de halkara tapgyry üçin taýýarlyk okuwyny okamaga mümkinçilik gazanarlar.
  7. Ýazylmak üçin her bir topar 30 amerikan dollary möçberinde töleg etmeli.
  8. Baş baýraklara mynasyp bolanlar noýabr aýyndaky Katarda geçiriljek halkara tapgyra gatnaşmak mümkinçiligi gazanýarlar.
  9. Isleg bildirýänler sentýabryň 4-23-i aralygynda guramaçylyk tarapyndan bellenen senede, bellenen ýerde gatnaşyp bilerler.

Habarlaşmak üçin +99362004320; +99363356793; passengerlibrary@gmail.com