1901-nji ýylyň 30-njy awgustynda iňlis inženeri Hýubert Sesil But elektrik energiýasy bilen işleýän tozan sorujy enjama patent alýar. Şol döwürler öýleri arassalamak üçin aýlanýan çotgaly ýa-da üfleýän enjamlar bardy. But tozan üfleýän enjamy görende, ony tersine öwürmek arkaly tozany bir ýerde ýygnap boljakdygy barada pikir edýär. Netijede, tozany üfleýän däl-de, sorýan arassaçylyk enjamy peýda bolýar.