2023-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hindistanyň Güni öwrenmek üçin işlenip taýýarlanan ilkinji emeli hemrasy bolan “Aditya-L1” uçuryldy. Hindi kosmos barlaglary guramasynyň (ISRO) maglumatyna görä, Güni öwreniş awtomatik kosmos stansiýasy uçurylandan 125 günden soňra, 1,5 million kilometr uzakdaky Gün-Ýer ulgamynyň Lagranža nokadyna (L1 nokady) baryp ýetdi. Enjam şol ýerdäki orbitada aýlanyp Güni has ýakyndan öwrenmekde peýdalanylar.
Gün ýelini öwrenip başlady. Gün ýelini öwrenmek üçin synagda iki abzal ulanylýar – SWIS (Gün ýeliniň ion spektrometri) we STEPS (supratermal we ýokary energiýa bölejikleriň spektrometri).