1997-nji ýylyň 29-njy awgustynda “Netflix” dünýäde ilkinji DVD kärendesine berýän we satýan web saýty hökmünde açylýar. Amerikaly telekeçiler Rid Hastings we Mark Randolf tarapyndan esaslandyrylan firmanyň şol wagt 30 işgäri bolup, ählisi ozal prokata çykan 925 filmiň DVD-sini satmaga we kärendesine bermäge hukugy bardy. Müşderiler kärendesine alan her bir DVD-si üçin pul töleýärdiler. Kompaniýa 1999-njy ýylda abunalyk ulgamyna geçýär. 2005-nji ýylda bolsa, kompaniýanyň filmleriniň sany 35 müňe ýetýär. Şol wagt kompaniýa her günde 1 million DVD paýlaýardy. 2007-nji ýylyň fewralynda “Netflix” 1 milliardynjy DVD-sini müşderä ýetirýär. Kompaniýa 2006-njy ýylyň ahyrynda öz filmlerini düşürip başlaýar. 2007-nji ýylda abunaçylaryna internet arkaly wideo görmäge mümkinçilik döreden kompaniýa 2010-njy ýyldan soňra daşary ýurtlarda hem bu hyzmaty ýola goýýar. Kompaniýanyň häzirki wagtda 278 million töweregi abunaçysy bar.