26-njy aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «Dra­gon Oil» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Sa­ýed Al Ta­ýe­ri ka­bul et­di

Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de ýo­la goý­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni iki­çäk söh­bet­deş­lik­de ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mä­hir­li sa­la­my­ny be­ýan et­di. Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ýe­ten be­lent sep­git­le­ri Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ady bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz işe­wü­ri myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da mü­bä­rek­läp, şu ge­zek­ki sa­pa­ryň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­lar köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da öza­ra dü­şü­niş­mek, yna­nyş­mak, hor­mat goý­mak esa­syn­da yzy­gi­der­li iler­le­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­la­ry­my­zyň hyz­mat­daş­ly­gy iki­ta­rap­la­ýyn esas­da, şeý­le hem BMG-niň, beý­le­ki iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýar.
Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka pu­da­gy Türk­me­nis­tan bi­len BAE-niň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hormatly Prezidentimiz ne­bit­gaz se­na­ga­ty­nyň ýur­du­my­zyň iň dep­gin­li ös­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Pu­da­gy ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri­ni ulan­mak ar­ka­ly mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz, eks­port üçin önüm­le­ri ön­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. «Ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň baý tej­ri­be­si bar» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we BAE-niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len bu ul­gam­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň oňyn tej­ri­be­si­niň top­la­nan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bi­le­lik­dä­ki işiň top­la­nan baý tej­ri­be­si­ni we ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň me­ýil­na­ma­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ne­bi­tiň, ga­zyň ga­zy­lyp alyn­ýan hem-de gaý­ta­dan iş­le­nil­ýän möç­be­ri­ni, ýur­du­my­zyň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň, taý­ýar ne­bit, gaz­hi­mi­ýa önüm­le­ri­niň eks­por­ty­ny art­dyr­mak mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu mö­hüm pu­da­gy­nyň öňün­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da­dyr. Hormatly Prezidentimiz Türk­me­nis­tan­da işe­wür­lik üçin dö­re­di­len amat­ly şert­le­ri göz öňün­de tu­tup, däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di we türk­men ta­ra­py­nyň kom­pa­ni­ýa­nyň anyk tek­lip­le­ri­ne se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy.
Işe­wür bil­di­ril­ýän ynam üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, «Dra­gon Oil» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň öz üs­tü­ne alan şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi üçin mun­dan beý­läk-de äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Prezidentimiz we «Dra­gon Oil» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Sa­ýed Al Ta­ýer bi­rek-bi­re­ge hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.