Islendik nahary öz çeniňe görä bişirmek isripçiligiň öňüni almaga ýardam edýär. Gereginden artyk bişirmek hem naharyň isrip bolmagyna, hem-de saglyk bilen bagly ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. Hünärmenler käbir iýmitleri azrak bişirmegi, şeýle hem gaýtadan gyzdyryp iýmezligi maslahat berýärler. Belläp geçmeli esasy zatlaryň biri hem, galan nahary mikrotolkun peçde gyzdyryp iýmek saglyk üçin zyýanly hasaplanýar. Geliň, gaýtadan gyzdyryp iýilmegi maslahat berilmeýän käbir iýmitler bilen tanyş bolalyň!
Ysmanak. Ysmanagyň düzüminde ýokary mukdarda nitrat bar. Bu maddanyň saglyk üçin zyýansyzdygyna garamazdan, gaýtadan gyzdyrylanda zäherlenip, gan damarlarynyň kislorod bilen üpjün edilmegine oňaýsyz täsirini ýetirip biler. Şol sebäpli ysmanagy, bu otdan taýýarlanan iýmitleri gaýtadan gyzdyryp iýmek maslahat berilmeýär.
Kömelek. Düzüminiň 90 göterimden gowragy suwdan ybarat bolan kömelekde 3 göterim belok we 5 göterim uglewodlar saklanýar. Bu maddalar dogry şertde saklanmasa çalt çüýräp, iýmit siňdiriş ulgamy üçin howply bolup biler. Bişirilen kömelegi sowadyjyda 24 sagatdan köp saklamaly däl. Şeýle hem bu iýmiti 70 derejeden ýokary gyzgynlykda gyzdyrmak maslahat berilmeýär.
Kartoşka. Bişirilen kartoşka çalt zaýalanýandygy sebäpli, dogry şertlerde saklamagy talap edýär. Kartoşkadan taýýarlanan naharlar agzy ýapyk gapda saklananda bakteriýalaryň ösüşi has çaltlaşyp, dem gysma we nerw bozulmalary ýaly ýagdaýlara getirip bilýän zäherlenmä sebäp bolýar. Bişirilenden soň bir gün geçen kartoşkaly iýmitleri gaýtadan gyzdyryp iýmek maslahat berilmeýär.
Tüwi. Tüwüden taýýarlanan naharlar gaýtadan gyzdyrylanda sporalar köpelip, gusma we içgeçme ýaly zäherlenmelere getirip bilýär. Şol sebäpli tüwüli naharlary gaýtadan gyzdyryp iýmek maslahat berilmeýär.
Towuk eti. Mikrotolkun peçde guş etini bişirmek soňky ýyllarda ýoň bolan usullaryň biridir. Guş etiniň islendik görnüşini içinden şöhle geçýän peçde bişirmek maslahat berilmeýär. Ýylylyk tolkunlarynyň guş etiniň ähli bölegini deň bişirmeýändigi sebäpli, mikrotolkun peçde bişirilen towuk etini iýmek saglyk üçin zyýanly hasaplanýar. Guş etini aşhana şertinde talabalaýyk bişirmeli. Towuk eti gaýtadan gyzdyrylanda düzümindäki beloklar we peýdaly maddalar dargap, iýmit siňdiriş ulgamyna howp salyp biler. Şeýle hem bişirilen towuk etini sowadyjyda uzak wagtlap saklamak maslahat berilmeýär.