Özbegistan 27-nji oktýabrda geçjek Parlament saýlawlaryna taýýarlyk görýär. Respublikanyň Merkezi saýlaw topary ýurtlaryň 39-synda 56 saýlaw uçastogyny açmak barada karar.

Saýlaw uçastoklary Russiýada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Hytaýda, BAE-de, Saud Arabystanynda, Türkiýede, Germaniýada, ABŞ-da we Günorta Koreýada we ýene-de 29 ýurtda açylar.

Öňde duran saýlawlar ilkinji gezek mažoritar (garyşyk) ulgamda geçiriler. Onuň barşynda kanun çykaryjy palatanyň 250 wekili saýlanar. Olaryň 75-si bir mandatly saýlaw okruglarynda, ýene-de 75-si bolsa, syýasy partiýalara berlen seslere esaslanyp, bir saýlaw okrugynda saýlanarlar.

Özbegistanyň Parlamenti aşaky (kanun çykaryjy) we ýokarky (senat) palatalardan ybaratdyr. Iki palatanyň wekilleriniň ygtyýarlygy 5 ýyla deňdir. Kanun çykaryjy palatada 150 deputatdan, senat bolsa, 100 senatordan ybaratdyr.

Özbegistan Respublikasy Orta Aziýanyň merkezi böleginde ýerleşýär. Ilaty 33 million 724,5 müň adama deň bolan bu ýurt 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyna eýe bolýar.