ABŞ-nyň “Populous” binagärlik studiýasy Saud Arabystanynyň El-Hubar şäherinde guruljak täze “Aramco Stadium” futbol stadionynyň taslamasyny hödürledi. 47 müň orunlyk stadionyň 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň esasy meýdançalarynyň biri boljakdygy tassyklanýar.
Taslama tolkuny ýada salýan spiral görnüşinde bolup, Pars aýlagynyň kenarynyň gözelliklerini alamatlandyrýar. Desganyň öň tarapy biri-biriniň üstüni örtýän panellerden ybarat bolup, olar tebigy ýagtylyk üçin yşlary üpjün edýär. Panduslar we geçelgeler binanyö daşynyň spiral dizaýny bilen utgaşyp, tomaşaçylaryň ünsüni stadionyň elliptik aýlawyna gönükdirer. “Populous” studiýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, dizaýn deňiz tolkunlarynyň tebigy şekillerinden ylham alyndy.
Häzirki wagtda Saud Arabystany 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek maksady bilen ýüz tutmaga işjeň taýýarlanýar. Munuň üçin ol Er-Riýadda 90 müň orunlyk stadiony we 350 metrden gowrak beýiklikdäki ýene-de bir stadionyň taslamasyny hödürleýär.