Fransiýadaky Konde muzeýinde 100 ýyl mundan ozal ýitirilip, “almanyň içinden tapylan” – «Grand Konde» diýlip atlandyrylýan seýrek gülgüne göwher köpçülige görkezildi. Agramy 9,01 karata deň bolan bu gymmat bahaly daş 1926-njy ýyldan bäri ilkinji gezek sergä çykaryldy. Sergide göwher bilen birlikde onuň taryhy baradaky arhiw resminamalary hem hödürlenilýär.
PDF








