Ýaponiýaly animator Haýao Miýadzaki Aziýa ýurtlarynda Nobel baýragyna barabar hasaplanýan Ramon Magsaýsaý baýragynyň eýesi boldy. Bu barada baýragy esaslandyryjy gazna habar berdi.
Miadzaki ýaşlara bolan hormatyny ýüze çykaryp, sýužetlerini we hekaýalaryny sadalaşdyrmaýar. “Çagalara düşnükli etmek üçin sungaty ulanyp, daşky gurşawy goramak, parahatçylyga ymtylmak ýa-da zenanlaryň jemgyýetdäki hukuklaryny we ornuny goramak ýaly çylşyrymly temalary öz üstüne alýar” diýlip, – diýip, gaznanyň beýanatynda aýdylýar.
Miýadzaki köp sanly animasion eserleriň awtorydyr. Olardan “Meniň goňşym Totoro” (1988), “Şa gyzy Mononoke” (1997), “Ruhlar bilen äkidilen” (2001), “Ýöreýän gala” (2004), “Balyk Ponýo gaýada” (2008) we onuň soňky eseri “Oglan we guş” (2023) aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellenildi.
Miýadzakiden başga-da, bu baýragyň eýeleri wýetnamly lukman Nguen Thi Ngok Fyong, Butanda haýyr-sahawat guramasyny esaslandyryjy, indoneziýaly ekoaktiwist, şeýle-de Tailanddan Oba lukmanlarynyň hereketi boldy.
Nobel baýragynyň Aziýa analogy 1957-nji ýylda esaslandyryldy. Bu baýraga, şol ýyl uçar heläkçiliginde aradan çykan Filippinleriň Prezidenti Ramon Magsaýsaýyň ady dakyldy. Baýrak Aziýa aýratyn goşant goşan adamlara we toparlara berilýär.