Himiýa boýunça 2026-njy ýylyň Nobel baýragyna asimmetrik organiki sintez pudagynda açyşlar, ýagny, nelineý täsirleriň we autokataliziň açylandygy üçin fransuz alymy Anri B. Kagan hem-de ýapon himigi Kenso Soai mynasyp boldylar. Bu barada baýragyň resmi sahypasynda habar berilýär.

Köp sanly molekulalar, mysal üçin aminokislotalar biri-biriniň aýna şekilli iki sany görnüşi bolýar. Ýöne janly organizmlerde olaryň diňe biri duş gelýär, bu häsiýet gomohirallyk diýlip atlandyrylýar. Uzak wagt bäri bu ýagdaý himikleriň ünsüni özüne çekip gelipdi. Komitetiň beýanatynda bellenilişi ýaly, Anri B. Kagan we Kenso Soai bu syry açmaga goşan goşantlary üçin sylaglandylar.

1986-njy ýylda Anri Kagan himiki reaksiýalara gözegçilik etmegiň we molekulanyň bir görnüşiniň artykmaçlygyny gazanmagyň täze usulyny açyp, nazary esaslary goýdy. Kenso Soai bu pikirleri tejribede dowam edip, 1995-nji ýylda potensial taýdan gomohiral bolup biljek reaksiýa baradaky işini çap etdi, 2003-nji ýylda bolsa mümkin bolan iki görnüşiň diňe biriniň emele gelýän reaksiýasyny üstünlikli görkezdi. Alymlaryň bu açyşlary derman serişdelerini işläp düzmekde zerur bolan himiki reaksiýalary amala aşyrmakda uly amaly ähmiýete eýedir.

1901–2025-nji ýyllar aralygynda himiýa boýunça jemi 117 sany Nobel baýragy gowşuryldy. Bu baýraga iňlis Frederiks Senger we amerikaly Barri Şarpless iki gezek eýe boldular. Baýragy alan iň ýaş laureat Frederik Žolio-Kýuri 35 ýaşynda, iň ýaşuly laureat Jon Gudenaf bolsa 97 ýaşyndady.

Şeýle hem oktýabr aýynyň dowamynda beýleki ugurlar boýunça hem ýeňijiler mälim ediler. Has takygy, 8-nji oktýabrda edebiýat boýunça, 9-njy oktýabrda parahatçylyk boýunça, 12-nji oktýabrda bolsa Şwesiýanyň Döwlet banky tarapyndan 1968-nji ýylda esaslandyrylan Alfred Nobeliň ykdysadyýet baýragynyň eýesi yglan ediler.