Islendik döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bu möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň, Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde 960 orunlyk mekdebiň, Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda 400 orunlyk mekdebiň, Mary şäherinde 500 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, şeýle hem Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasynda 160 orunlyk çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy.
Bilimler we talyp ýaşlar güni diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dostlukly ýurdumyz bolan Täjigistan Respublikasynda hem uly dabaralara beslendi. 2024-2025-nji täze okuw ýyly dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdep ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri gatnaşdylar. Dostlukly goňşy ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirildi. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna hem-de ýetip gelýän şanly senä – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlandy.
Sözümizi jemläp aýtsak, ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ulgamy täze belentliklere çykarmak ugrunda edýän tagallalary netijesinde çagalar baglaryndan başlap, umumybilim berýän orta mekdeplere, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplere çenli ähli bilim ojaklarynda ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň derejesi we hili düýpgöter özgerdi. Bu gün bilim ojaklaryndaky häzirki zaman kompýuterler, multimedia-interaktiw enjamlar, döwrebap okuw görkezme esbaplary bagtyýar nesliň hyzmatynda bolup, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, döwrebap bilim-terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine we sagdyn ruhly bolup ýetişmegine hyzmat edýär.
Ýaş nesliň döwrebap derejede bilim almagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda durmuşa geçirýän köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýäris.
Orazbibi Berdiýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.