Çykdajylary azaltmak üçin, ilki bilen, tygşytlylygy öwrenmeli. Söwda edilende hojalyga gerek zatlaryň sanawy düzülip, belli bir möhlet (1 hepde, 15 gün ýa-da 1 aý) göz öňünde tutulmaly. Zerur bolan zatlary şol möhlete ýeter ýaly derejede satyn almaly. Artykmaç zat almak isripçilige hem-de göz öňüne getirişimizden köp çykdajy çykmagyna sebäp bolýar. Eýsem, siz puly tygşytly ulanmagy başarýaňyzmy? Hünärmenler ýaponlara degişli bolan kakeibo usulyny hödürleýärler. Geliň, çykdajylary azaltmagy we puly tygşytly ulanmagy öwredýän bu usul bilen tanyş bolalyň!
Kakeibo usuly näme? Ýaponiýada giňden ulanylýan bu usul öý hojalygynyň maliýe ýagdaýyny tygşytly dolandyrmaga ýardam edýär. Kakeibo usulynda her bir alnan zadyň möçberi we çykdajysy depdere bellik edilýär. Aýyň soňunda haýsy zada has köp pul sowlandygy seljerilýär. Kakeibo sözi «öýüň pul kitaby» diýen manyny aňladýar.
Kakeibo usuly haçan döredi? Bu usul 1904-nji ýylda ýaponlaryň ilkinji žurnalist zenany Hani Motoko tarapyndan köpçülige hödürlenýär. Ilkibaşda kakeibo girdejileri we çykdajylary kagyza bellemegi öz içine alýan ýönekeý usuldy. Ýöne soňlugy bilen köpçüligiň arasynda meşhurlyk gazanan bu usul üçin ýörite bellikli depderler, elektron tablisalar, programmalar we suratly kitapçalar döredilýär.
Nädip ulanmaly? Kakeibonyň beýleki býujet usullaryndan esasy tapawudy adamy çykdajylar barada pikirlenmäge mejbur edýär. Bu usul haýsy zada sebäpsiz has köp pul harçlandygyňy görkezýär. Artykmaç pul sowmak endigiňi düzetmäge ýardam edýär.
Kakeibo usuly 3 basgançakdan durýar:
Meýilnamalaşdyrmak. Bir aýlyk çykdajylary meýilleşdireniňizde näçeräk pul sarp etjekdigiňizi çaklamaly. Şeýle hem alynmaly zatlary toparlara (azyk önümleri, öý goşy, elektron enjamlar, egin-eşik) bölüp, puluny aýryp goýmaly.
Çykdajy barada pikirlenmek. Her satyn alan zadyňyz barada pikirlenip, şoňa görä puluňyzy sarp etmeli. Käte birbada birnäçe haryt satyn alynýar. Şeýle ýagdaýda ownuk-uşak gerekli zatlar barada hem pikirlenmeli. Umuman her bir çykdajy hakynda pikirlenmek, depdere bellik etmek puly tygşytly sowmaga ýardam edýär.
Aýlyk seljerme. Her aýyň soňunda «öýüň pul kitabyny» gözden geçirip, nämelere köp pul sowlandygyny seljermeli. Öýe haýsy harytlaryň (et, gök önümleri, arassaçylyk serişdeleri) has köp gerekdigine göz ýetirmeli.
Kakeibo usuly ýöredilende göz öňünde tutulmaly zatlar:
Näçe pul harçlamaly?
Näçe pul tygşytlamak isleýärin?
Näçe pul sarp edýärin?
Geljek aý nädip çykdajylary azaldyp bilerin?
Kakeibo usulyny islendik adam ýöredip biler. Bu usuly ulanmak üçin her aýy we her güni aýratynlykda görkezilen kitapça tutmak ýeterlik. Hasap depderçesini özüňiz hem ýasap bilersiňiz. Kakeibo usuly oýlanyşykly we dowamly ýagdaýda ýöredilende maşgalanyň maliýe çykdajylaryny azaltmaga hem-de puly tygşytlamaga ýardam edýär.