Islendik ata-ene perzendiniň sowatly bolmagyny, gowy bilim almagyny hem-de terbiýeli, il-güne gerekli ynsan bolup ýetişmegini isleýär. Çaganyň geljekde kämil ynsan bolup ýetişmeginde terbiýeçilere, mekdep mugallymlaryna hem-de ata-enelere uly jogapkärçilik düşýär. Esasan hem, ýaňy mekdebiň bosagasyndan ätlän çagajyklaryň hossarlary has ünsli bolmaly. Okamagy we ýazmagy ýaňy öwrenip başlan çagajyga mekdebe öwrenişmek, sapaklara girişmek kyn düşüp biler. Şol sebäpli ata-eneler mugallymlar bilen ýakyn gatnaşykda bolmak bilen, çaganyň öý işlerine, sanlary we harplary ýat tutmagyna gözegçilik etmeli. Başlangyç bilimi talabalaýyk ele almak çaganyň geljegine öz täsirini ýetirýär. Hünärmenler ilkinji gezek mekdebe barýan çagalaryň ata-enelerine şu usullary ulanmagy maslahat berýärler.
Okuwyň zerurdygyny düşündirmeli. Çagalaryň köpüsi ilkibaşda mekdebe näme üçin gatnaýandygyna düşünmeýär. Şol sebäpli ata-eneler çagalara ilki bilen mekdepde berilýän bilimiň, okamagyň zerurdygyny düşündirmeli. Mysallar getirmek arkaly, näme üçin matematikany öwrenýändigini, näme üçin taryhy bilmelidigini, näme üçin daşary ýurt dilleriniň öwredilýändigini düşündirmeli. Çaganyň oňaýsyz pikirlerine täsir edip, mekdebe we okuwa bolan söýgüsini gazanmaly. Alýan bilimleriniň geljek üçin, kämil ynsan bolup ýetişmek üçin nähili zerurdygyny ynandyrmaly.
Sapaklaryndan habarly bolmaly. Çagalara sapaklara taýýarlanmalydygyny öwretmeli. Şeýle hem mekdepde jogapkärçilikli bolmalydygyny ündemeli. Çagalaryň öý işini ýerine ýetirip bermek ýalňyş usul hasaplanýar. Çagalaryň öý işinde bilmeýän zatlaryny düşündirmek, ýol görkezmek hem-de öý işlerini ýerine ýetirýän mahaly umumy gözegçilikde saklamak dogry usul hasaplanýar. Mekdebe ýaňy başlan çagalara her günki öý işinden soň, sanamagy, okamagy we ýazmagy öwretmeli. Munuň üçin aýratyn depder tutup bilersiňiz.
Mekdebe bolan söýgini gazanmaly. Çagalaryň gowy okamagyny isleseňiz, ilki bilen mekdebe bolan söýgüsini gazanmaly. Mugallymlaryň aýdanlaryna dogry düşünmelidigini, her bir sapagyň zerurdygyny, mekdepde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmalydygyny öwretmeli. Okuw synpyndaky esbaplara hem-de gurallara zeper ýetirmezden, aýawly ulanmalydygyny ündemeli.
Beýleki çagalar bilen deňeşdirmeli däl. Çagany beýleki çagalar bilen deňeşdirmek çaga terbiýesinde iň uly ýalňyşlyk hasaplanýar. Mysal üçin, goňşymyzyň çagasy gowy bahalar alýar, sen gowy okaňok ýa-da synpdaşlaryňa seret, pylany ýaly okajak bol diýen ýaly jümleler çaganyň höwesiniň gaçmagyna we özüne bolan ynamyň peselmegine getirýär. Tersine çagaňyzda özüne bolan ynamy güýçlendirip, ony okamaga ruhlandyrmaly.
Çagany diňlemeli. Her gün agşam sapaklara taýýarlanýan wagty çagaňyz bilen mekdep, okuwyň gidişi barada bir-iki agyz gürrüň etmeli. Düşünmeýän zatlaryny, ýetişmeýän sapaklaryny soramaly. Synpdaşlary we mugallymlary bilen gowy düşünişýärmi, sapakda nämeleriň bolup geçendigi bilen gyzyklanmaly. Kynçylyk çekýän zadynda kömek edip biljekdigiňizi aýdyp, çagaňyza guwanýandygyňyzy duýduryp bilersiňiz.
Yzygiderli gatnaşykda bolmaly. Mekdebe ýaňy girişen çagany özbaşyna goýmaly däl. Synp ýolbaşçysy bilen ýakyn gatnaşykda bolup, çagaňyz bilen gyzyklanmaly. Käte mekdebe baryp çagaňyzy synlamaly. Mugallymlar bilen duşuşyp, sapaklara ýetişigi we özüni alyp barşy bilen tanyşmaly. Kim bilen mekdebe gidýändigine, kim bilen tirkeşýändigine anyk göz ýetirmeli. Gepleşikde haýsy sözleri köp ulanýandygyna üns bermeli.
Esasy Okaň,dynç alyň! Ilkinji gezek mekdebe barýan çagalaryň ata-enelerine maslahatlar