Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly uly ösüşlere beslenýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylan uly özgertmeler, ýetilen belent sepgitler bagtyýar ýaşlary uly üstünliklere, bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde ylym-bilimde uly özgertmeler amala aşyrylýar. Geçen okuw ýylynda okuw kitaplaryny we gollanmalaryny many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmak ugrundaky işler dowam etdirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan çykan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” hem-de “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynda beýan edilýän taglymatlara uly orun berlip, esasy gollanma hökmünde peýdalanyldy.
2023-2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli ders bäsleşikleri geçirildi. Muňa mysal edip: “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigi, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş Diplomatlar mekdebiniň guramagyndaky “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigi we “Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar” atly geçirilen ders bäsleşigi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda onlaýn olimpiada, Oguz han adyndaky Inžener – tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly II olimpiada ýaly birnäçe ders bäsleşikler we olimpiadalar geçirildi we maňa hem bularyň birnäçesinde ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi.
Şeýle hem “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda maňa ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Geçirilýän bäsleşikler biz ýaşlaryň bilime bolan gyzyklanmalarynyny artdyrýar. Bu çäreler mekdep okuwçylarynyň özbaşdak başarnyklaryny görkezmäge, dünýä garaýyşlaryny giňeltmäge, bäsleşikler esasynda kämilleşmäge we täze bilimleri öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Orta mekdeplerde sanly bilim ulgamy ösdürilýär, ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Mekdep okuwçylarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolmagy, bu ugurda alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Biz mekdep okuwçylary özümize bildirilýän ynamy döwlet we halkara derejesindäki olimpiadalarda ýeňiji bolmak bilen, sport boýunça halkara olimpiadalarda baýraklary orunlara mynasyp bolmak bilen ödäris. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny depginli ösdürmekde uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt ähmiýetli döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn, janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Aýmyrat KAKAÝEW, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy.