Gyşda gün gysga bolýar, aşa sowuk howada biziň fiziki işjeňligimiz çäkli bolup, göwnümiz köplenç düzümi şekerli, ýagly we ýokary kaloriýaly önümleri küýseýär. Gynansakda, ýylyň sowuk günleri ýüze çykýan käbir isleglerimiz biziň saglygymyzy gorap bilmeýär, has takygy, biziň immun ulgamymyza zyýan ýetirýär. Gyşda dürli nähoşluklara sebäp bolýan möwsümleýin wiruslar peýda bolýar. Ýylyň sowuk günleri saglyga we immunitete oňaýly täsir edýän birnäçe synagdan geçirilen düzgünler bolup, olar energiýaňy we işjeňligiňi saklamakda ýardam berýär.
1 Köp suwuklyk içiň. Beden üçin iň oňady suwuklyk bolup, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy işindäki dürli dermanlyk otlardan taýýarlanan çaýlardan peýdalanylsa, has ýerlikli bolar. 8 bulgurdan az bolmadyk suw içegäniň kadaly işi üçin zerurdyr. Gök çaý düzümindäki oksidantlaryň hasabyna immuniteti berkidýär.
2 Ýeterlik uky. Uky ýöne bir dynç alyş däldir. Bedeniň özüne düşen agramyny gaýtadan dikeltmek we gündizki işjeňligini artdyrmak üçin zerurdyr. Eger oňa äsgermezçilik etseň, beden öz ulgamyndaky näsazlyklary düzedip bilmeýär. Netijede, bedene toksinler toplanyp, kesellere garşy durujylyk pese düşýär. Uky bedeniň gorag ulgamyny güýçlendirýär.
3 Şekeri we tiz siňýän uglewodlary çendenaşa köp ulanmakdan gaça duruň. Olar goşmaça agram ýygnamaga eltýär. Mundan başga-da, şeker we un immun ulgamynyň işini pese düşürýär. Bu önümler bedende wiruslaryň işjeň hereket etmegi üçin oňaýly şert döredýär.
Islegiňi kanagatlandyrmak üçin dürli miweleri iýmek maslahat berilýär. Gara şokolad düzüminde kakaonyň 70 göterimini saklaýar. Ondaky fenollar bedeniň gorag ulgamyny berkidýär. Mundan başga-da, gara şokolad bedene sowuga garşy durmaga we ganyň basyşyny pese düşürmäge ýardam berip, ýüregi berkidýär.
4 Iýmitimizde sarymsak bolsa, kem däl. Haçan-da, kesel howpy abananda biziň eždatlarymyz ýöne ýerden sarymsak iýen däl bolsalar gerek. Ondaky kükürt birleşmesi immun ulgamynyň möhüm öýjükleri bolan T-limfositleri we makrofaglary işjeňleşdirýär. Netijede bolsa, biziň bedenimiz wiruslara garşy üstünlikli göreşýär.
5 Sink kabul ediň. Düzüminde sink saklaýan önümlerden köpräk iýiň. Onuň kadaly bolmagy bedeniň gorag ulgamynyň gowşamagynyň öňüni alýar. Ol deňiz önümlerinde, esasan hem, ustrisada (iýilýän deňiz mollýusky), bagyrda, ýagsyz etde, sygyr etinde, hind towugynda, goýun etinde, merjimekde, künjüde, kädide we gatykda bar.
6Gök önümler we miweler. Günde ep-esli gök önümleri we miweleri iýmek bedeni peýdaly witaminler, minerallar we antioksidantlar bilen üpjün edip, saglygymyzy goraýar.
7 Hereket ediň. Fiziki işjeňligiň ýa-da sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanyň. Çünki hereket koloriýalary köýdürip, gan aýlanyşygyny gowulaşdyrýar, bedeniň ýaşaýşa bolan işjeňligini, ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
8 Stresden gaça duruň. Stres immuniteti, ýagny bedeniň garşy durup bilijiligini “ümsüm zäherleýjidir”. Dostlaryň bilen görşüp durmak, halaýan güýmenjäň bilen meşgullanmak, gowy pikirde bolmak – bularyň ählisi bedeniň fiziologik prosesine ýakymly täsir edýär. D witamininiň ýeterlik mukdaryny almak maksady bilen belli bir wagtyňyzy günüň aşagynda geçirmäge tagalla ediň!
Nury Jumaýew,
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli
hassahanasynyň endoskopiýa
bölüminiň müdiri.