Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýurduň paýtagtyny Tährandan günorta serhet ýakalaryna, Pars aýlagynyň kenarlaryna göçürmek baradaky maksatnamasyny mälim etdi. Bu barada ýurduň “Fars” habarlar gullugy habar berdi.
“Ýurduň paýtagty bolmak bilen, Tähran paýtagt merkezini göçürmekden başga çözgüt tapyp bolmajak meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, agentlik Pezeşkianyň sözlerini getirdi.
Döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, Tährany paýtagt hökmünde galdyrmak birgiden kynçylyklar, ilkinji nobatda bolsa, ykdysady ýagdaýlar sebäpli mümkin däl. “Häzirki ýagdaý dowam etse, ýurdy ösdürmek mümkin däl. Eger-de biz Tährana günortadan we deňizden gorlary getirmek hem-de olary önüme öwrüp ýene-de yzyna – günorta eksporta iberjek bolsak, bu biziň bäsdeşlige ukyplylygymyzy has peselder” diýip, ol aýtdy.
Şeýle-de Pezeşkian täze paýtagt saýlanyp alnandan soňra ol ýere ähli döwlet edaralarynyň göçüriljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.