Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany, “Roskosmos”-yň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, orbitada iň uzak wagt galmakda dünýä rekordynyň eýesi kosmonawt Oleg Kononenko özüniň bäşinji kosmos ekspedisiýasyny tamamlap, 23-nji sentýabrda Ýere dolanmaga taýýarlanýar.
Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, 375 gün dowam eden bu missiýa halkara kosmos stansiýasy maksatnamasynyň çäklerinde iň uzyn döwri öz içine aldy. Türkmenabat şäherinde doglan we Russiýanyň iň tejribeli kosmonawty bolan Oleg Kononenko şu ýylyň 4-nji fewralynda deňi-taýy bolmadyk sepgide ýetdi we Ýere golaý orbitada jemi 1000 gün bolan taryhyň ilkinji adamy boldy. Bu rekord 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda başlanan häzirki missiýasy wagtynda goýuldy. Şonda ol “Soýuz MS-24” kosmos gämisinde HKS-70/71 ekspedisiýasynyň serkerdesi hökmünde HKS-e barypdy.
Kononenkonyň özi, gazanylan bu üstünlikleriň kosmos lukmançylygynyň ösmegine we adamyň mümkinçilikleri baradaky düşünjäni giňeltmäge belli bir derejede goşant goşjakdygyny nygtaýar. Şeýle hem kosmonawt bu ädimiň, ösen kosmos stansiýa ulgamlarynyň işleýşinde aýratyn meseleleri çözmek üçin zerur bolan gymmatly tejribe toplamaga mümkinçilik berjekdigini belleýär.
Kosmonawt iň gowy görýän rus ýazyjylarynyň arasynda Anton Çehowyň we Aleksandr Puşkiniň atlaryny tutýar. Oleg Kononenko bäşinji ekspedisiýada Puşkiniň “Kapitanyň gyzy” romanyny ýany bilen alyp gitdi. Kosmonawt 2024-nji ýylda beýik ýazyjynyň we şahyryň doglan gününiň 225 ýyllygy mynasybetli möhüm medeni çäräniň bellenilýändigini ýatlatdy. Kosmonawtyň aýtmagyna görä, rus edebiýatynda aýratyn orny eýeleýän bu eseri ýaşlyk ýyllarynda okamagy we ýaňadan okap çykmagy gowy görüpdir.