Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­de ýer­leş­ýän ştab-kwar­ti­ra­syn­dan hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. 6-njy sent­ýabr­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma dün­ýä­niň 87 döw­le­ti­niň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gi onuň tu­tuş adam­zat üçin mö­hüm­di­gi­niň we ägirt uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny bol­dy. Mu­nuň özi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­na esas­lan­ýan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň we sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky gü­wä­si­dir. Bu mö­hüm res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­lik ta­ra­pyn­dan Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­dyr.
Ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­me­nis­tan di­ňe bir iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra iş­jeň gat­naş­mak bi­len çäk­len­män, se­bit we dün­ýä de­re­je­li ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne hem öw­rül­di. Türk­men tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra bäs­le­şik­ler­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň we Azi­ýa Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň ag­za­sy hem-de dün­ýä de­re­je­li sport döw­le­ti hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň ab­ra­ýy­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy öz Ka­rar­na­ma­sy bi­len ýur­du­myz­da spor­ty we be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, bu ul­gam­da döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan ägirt uly iş­le­ri gol­da­dy.
Şeý­le­lik­de, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rül­di.