8-nji sentýabrda Astana açyljak Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlaryna ýurdumyzdan 29 türgen we 6 tälimçi wekilçilike edýär.
Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary iň uly halkara etniki sport ýaryşydyr. Onda Merkezi Aziýanyň ýerli çarwa halklarynyň milli oýunlary boýunça ýaryş geçirilýär. Ol adamzat siwilizasiýasynyň mirasy hökmünde milli-sport we milli-medeni hereketi ösdürmäge gönükdirilendir.
Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemek gerek.
«Giň ýaýla duşuşygy» şygary bilen geçiriljek Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlaryna 100 ýurtdan 4 müňe golaý türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar at çapyşygy, milli göreş, ýörgünli intellektual oýunlar, söweş sungaty ýaryşlary, ýaýdan ok atmak, elguşly milli aw, atly ýaryşlar we halk oýunlary ýaly sportuň 21 görnüşi boýunça 97 medal toplumy ugrunda bäsleşerler.
Oýunlaryň maksatnamasynyň çäklerinde etniki medeni mirasy wagyz etmäge gönükdirilen ylmy maslahatlar we medeni çäreler hem meýilleşdirilýär. Oýunlaryň açylyş dabarasy 8-nji sentýabrda «Astana Arena» stadionynda geçirildi, ýapylyş dabarasy 13-nji sentýabrda «Kazanat» Merkezi aýlawynda geçiriler.
Gyrgyzystan Respublikasy Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryny geçirmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Bu oýunlar üç gezek – 2014-nji, 2016-njy we 2018-nji ýyllarda Yssyk-Köl oblastynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilendigini ýatladýarys. IV oýunlar 2022-nji ýylda Iznikde (Türkiýe) geçirildi.