Bilşimiz ýaly, gyş döwründe adam bedeniniň witaminlere zerurlygy has köp ýüze çykýar. Witaminleriň ýetmezçiligi zerarly adamlaryň işdäsi açyk bolýar. Şeýlelikde, artykmaç iýip, semräp ugraýar. Şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin dünýäniň dietologlary gyş döwri iýmitlenmek maksady bilen, peýdaly önümleriň sanawyny işläp düzüpdirler.
Dietologlar gyş döwrüne niýetlenen iýmit sanawynyň esasy maksady immuniteti goramak bolup durýandygyny mälim edýärler. Çünki gyşda adam bedeni dürli infeksiýalaryň hüjümine sezewar bolýar. Gyşda öz iýmit sanawyňa düzümi “omega-3” kislotasyna baý bolan balygyň ýagly görnüşlerini girizmek maslahat berilýär. Çünki balyk adam bedenini infeksiýalardan we wiruslardan goraýar. Iýmit sanawynda kädi bolsa göwnejaý bolýar. Çünki bu önümiň düzüminde A, B, C, E, P, T, А ýaly witaminler şol sanda, demir we karotin bar. Olar bedene kesellere garşy durmaga ýardam berýär. Duza ýatyrylan kelem juda peýdaly bolup, bedeni C we P witaminleri bilen üpjün edýär.
Miweler barada gürrüň edilende bolsa, ozaly bilen, apelsin, mandarin, greýpfrut ýaly sitrus önümlerini iň oňat miweler hökmünde ýatlap geçmek mümkin. Şonuň ýaly hem, öz iýmit sanawyňa injir goşmak maksada laýyk bolar, çünki olar mikroplara garşy durujylygy bilen tapawutlanýar. Dietologlar gyş döwründe dümewlemezlik üçin ýokarda ýatlanyp geçilen önümleri iýmegi maslahat berýärler.