Şu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze möhüm sahypa açyldy. Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň Ak ýoly bilen «Serhetabat-Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary şu günki wakalaryň hatarynda boldy.
Dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund gatnaşdylar.
Ýurdumyz halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda jogapkärçilikli hem-de öňden görüjilikli çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunda energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi aýrylmaz şert bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän TOPH taslamasy bu ulgamy kemala getirmekde saldamly goşant bolup durýar.
Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet nokadyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Birnäçe wagtdan bu ýere dikuçarda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund geldi. Asylly däbe görä, owgan myhmanyna duz-çörek hödür edildi.
Soňra «Islim-Çeşme» serhet nokadynda gurnalan mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahundyň duşuşygy boldy.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund täze infrastruktura desgalarynyň açylyşy we gurluşygynyň badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdylar. Bu desgalar asyrlaryň dowamynda kemala gelen we häzirki taryhy döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýän türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda Türkmenistanyň Müftüsi aýat-töwir okaýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly dabaralara gatnaşyjylara ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Şeýle hem şu günki dabaralara Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň çagyrylandygyny bellemek gerek.
Şeýlelikde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň wakalara baý bolan bu güni Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhynda nobatdaky sahypany açdy hem-de özara bähbitli döwletara, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda täze tapgyry alamatlandyrdy.