Günorta Amerikada, Karib deňzinde duş gelýän täsin guşlaryň biri hem anhinga bolup, bu guşlar ýylana meňzeş uzyn boýny bilen tapawutlanýar. Deňiz kenarlarynda, gyrymsy agaçly meýdanda ýaşaýan bu guşlar uçup, ýüzüp we suwa çümüp bilýärler. Boýy 85 santimetre ýetýän anhinganyň agramy 2 kilogramdan geçmeýär. Ganatynyň uzynlygy 117 santimetre barabar bolan bu guşlaryň kiçijik kellesi bolup, boýny egrem-bugram görnüşdedir. Ganatynyň giňligi anhingalaryň aňsatlyk bilen uçmagyna we ýüzmegine ýardam edýär. Ördegiňkä meňzeş perdeli aýagy bolan bu guşlar ýüzmäge, gyrymsy agaçlara we daşlara dyrmaşmaga mümkinçilik berýär. Anhingalar ugry kesgitlemek, durmak we deňagramlylygy sazlamak üçin ýelpewaja meňzeş uzyn guýrugyndan peýdalanýarlar. Aýagy gysga diýmeseň, bu guşlar uzakdan seredeniňde gerona hem meňzeýär.
Ak-gara ýa-da ýaşyl-gara ýelek bilen örtülen ýylanboýun guşlar, esasan, balyk bilen iýmitlenýärler. Balyk tutmak üçin bu guşlar suwa girende diňe kellesi görnüp, göwresi aşak çümýär. Anhingalar balykdan başga ownuk jandarlary we mör-möjekleri hem iýýärler. Ýylanboýun guşlar çaltlyk bilen ýüzüp bilmeseler-de, ökde awçylar hasaplanýar. Bu guşlar awuny ilki nyşana alýarlar, soňra suwuň aşagyndan ýuwaşjadan baryp, birden awuna okdurylýarlar. Anhingalar aýratyn goralyp saklanmasa-da, Amerikada bu guşlar barada her ýyl seljerme berilýär.