Wagtyň geçmegi bilen akja sahypaly kitaplaryň saralandygyny gören bolsaňyz gerek. Könelen gazete duş geleniňizde hem bu ýagdaýy görensiňiz. Eýsem, näme üçin wagtyň geçmegi bilen sahypalar saralýarka? Geliň, bu barada öwreneliň!
Ýyllaryň geçmegi bilen tekjede duran kitabymyz, depderimiz ýa-da makaladyr goşgularymyz çap edilen gazetimiz asyl durkuny ýitirip, saralmak bilen bolýar. Sahypalar duran ýerinde könelýär. Munuň sebäbini şeýleräk düşündirip bolar.
Kagyzlaryň köpüsi, ösümlikden we agaçdan alynýar. Üwelen külke bölejikleriň biri-birine berk ýapyşmagy üçin sellýuloza (uglerod, wodorod we kislorod atomlaryndan ybarat molekula) we lignin (çylşyrymly organik polimer) ulanylýar. Bu maddalar kagyzyň berk we dik saklanmagyna ýardam edýär.
Kagyz näme üçin ak?
Sellýuloza reňksiz madda bolup, ýagtylygy özüne gowy siňdirýär. Şeýlelikde, bu madda bize ak bolup görünýär. Şol sebäpli adaty kagyzlar hem ak reňkde bolýar. Lignine ýagtylyk we howa täsir edende molekulýar gurluşyny üýtgedýär. Lignin we bölekleýin sellýuloza okislenmä sezewar bolýar. Goşmaça kislorod molekulalary, molekulalar bolsa polimeriň gurluşyny üýtgedýär. Şeýlelikde, kislorod we molekulalar polimerleriň baglanyşygyny döwüp, hromoforlar diýilýän molekulýar sebiti döredýär. Grekçeden terjime edilende «hromofor» «reňk göteriji» diýen manyny berýär. Hromoforlar gözümiziň reňk hökmünde kabul edýän ýagtylygyň tolkun uzynlyklaryny görkezýär. Haçanda sahypadaky lignin polimeri oksidlenen ýagdaýynda sahypalar sary ýa-da goňur görünýär.
Kagyz öndürijiler mümkin boldugyça lignini aýyrmaga synanyşýarlar. Lignin näçe az goşulsa, kagyz aklygyna uzak saklanýar. Şeýle-de bolsa, azyk torbalaryny we karton gutulary öndürijiler berk bolmagy üçin ligninden has köp peýdalanýarlar. Hünärmenleriň pikiriçe, ak kagyzly kitaplar kislorodsyz we ýagtylyk düşmeýän ýerde saklananda hiç wagt durkuny ýitirmeýär. Gün şöhlesi kitabyň saralma hadysasyny çaltlandyrýan bolsa, kislorod kitabyň duşmany hasaplanýar.