Gadymy wawilonlylar we müsürliler dişini arassalamak üçin hoşboý ysly agaçlaryň şahajyklaryndan peýdalanypdyrlar. Şeýle taýajyklaryň pars salwadorasy (latynça: «Salvadora persica») atly gyrymsy agaçdan alnan görnüşine meswäk diýilýär. Bu ösümlik Demirgazyk Afrikada, Hindistanda, Pakistanda we Şri-Lankada tebigy ýagdaýda ösýär.
Arap ýarymadasynda diş çotgasynyň miladydan öňki 3000-nji ýyllarda oýlanyp tapylandygy çaklanylýar. «Diş taýajyklary» diýlip atlandyrylan arassaçylyk enjamyny hytaýlylar kämilleşdirýär. 1498-nji ýylda Hytaýda diş çotgasynyň döwrebap görnüşine patent alynýar. Täze çotga süňk ýa-da bambuk taýajyga oturdylan doňzuň tüýünden ybarat bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen Hytaýdan Ýewropa ugradylan diş çotgalary kämilleşdirilip, ýewropalylar atyň ýumşak tüýüni ulanyp ugraýarlar. 1780-nji ýyllarda Angliýada diş çotgasynyň döwrebap görnüşi ýasalýar. 1844-nji ýylda häzirkilere meňzeş 3 hatar tüýli çotgalar oýlanyp tapylýar. Emma bu çotgalar dişi arassalamakda dürli bökdençlikler döredýär. 1938-nji ýylda fransuz-amerikan himigi we senagatçysy Dupont de Nemours neýlon diş çotgasyny oýlap tapýar. Şeýlelikde, diş çotgasyny öndürmekde uly netije gazanylýar. 1939-njy ýylda Şweýsariýada ilkinji elektrik diş çotgasy oýlanyp tapylýar. Häzirki wagtda bu arassaçylyk enjamynyň islendik ýaşdaky adama niýetlenen we ekologiýa taýdan arassa «akylly» görnüşleri hem bar.