Ýaz we güýz aýlarynda ýetişýän saglyk üçin peýdaly iýmitlik otunyň bir görnüşi hem ysmanakdyr. Ysmanak bedeni dürli witaminler bilen «iýmitlendirmäge», zyýanly maddalardan arassalamaga kömek edýär. Ysmanagyň ata Watany ýakyn Gündogar ýurtlary hasaplanýar. Arap söwdagärleriniň bu ösümligi Ýewropa ýurtlaryna ýaýratmagy bilen ysmanak meşhur iýmit hökmünde tanalyp başlanýar. Hatda birnäçe wagtyň içinde Amerika yklymyna çenli baryp ýetýär.
Witaminler toplumy
Ysmanak A, B1, B2, B6, C, PP, P, E, D2, K, demir, kaliý, sink, magniý, kalsiý hem-de saponin we fitonitrient ýaly witamindir minerallara baýdyr. Mundan başga-da, bu otuň düzüminde belok, uglewodlar, sellýuloza we ýod saklanýar. Ysmanak immuniteti we myşsalary güýçlendirmäge, süňküň kadaly ösmegine, içegeleriň kadaly işlemegine, bedendäki toksinleri aýyrmaga, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga, dokumalary kislorod bilen doly üpjün etmäge hem-de bedeniň alyş-çalşygyny güýçlendirmäge ýardam edýär. Düzüminde oksal turşusynyň köp bolmagy sebäpli bedendäki zyýanly daşlary aýyrmakda hem peýdasy uludyr.
Çigmi ýa-da gaýnadylan?
Ysmanagy çigligine hem-de gaýnadylan görnüşde iýip bolýar. Işdäaçarlar taýýarlanylanda bu ot çigligine goşulýar. Gaýnadylan görnüşde bolsa dürli görnüşli tagamlar bişirilýär. Köp ýurtda onuň deňiz önümleri bilen taýýarlanýan çorbasy meşhurdyr. Ysmanak ýokumly maddalaryň «ammary» bolup, iýmit sanawynda hökmany bolmaly iýmitleriň biri hasaplanýar.