Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ösüş ýoly bilen beýik geljege tarap ynamly öňe barýar. Ata Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgesine esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görülýär. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, bu şanly sene zähmet ýeňişleri, täze binagärlik açylyşlary, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem geçiriler. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
Şu ýerde biz bir zady aýratyn bellemek isleýäris. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alan gününden bäri döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy hem döwre görä yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär.
Bu işler ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde we dolandyrmakda toplan baý tejribesi, öňdebaryjy dünýä döwletleriniň şu ugurda gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar. Bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwle-ti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga hukugyny kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Jemgyýetde asudaly-gy hem-de agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkit-mäge ýurduň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge oňaýly şertleri döredýär. Munuň özi Halk Maslahaty, Ýaşulular geňeşi ýaly demokratik düzümleriň döredilmeginde we olaryň il bähbitli işlerinde öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenjekdigini, döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, öňde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Şeýlelikde, gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelerimiz täze many-mazmuna eýe bolýar. 24-nji sentýabrda geçiriljek ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halk häkimiýetiniň milli nusgasynyň, halkyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýolunda döwlet gurluşy we dolandyryşy babatda toplan tejribesiniň dabaralanmasyna we ata-babalarymyzdan miras galan milli demokratiýanyň kämil nusgasyna öwrüler.
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamy bizi nurana geljegiň bähbidine döredijilikli zähmete, döwrebap bilim we ylym almaga ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby biz – ýaşlary tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek, ýaş nesliň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleri döretmek barada alnyp barylýan işler adam hakyndaky aladanyň ýurdumyzda ileri tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Geljekki ýaş hünärmenler hökmünde biz hem hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyny doly goldamak bilen, yhlasly okajakdygymyza we maksada okgunly zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan giň gerimli işleri hemişe rowaç bolsun.
Sahawat Garryjaýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.