11-nji sentýabrda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Suhumi döwlet uniwersitetinde (Tbilisi ş.) Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän okuw otagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre bu uniwersitetiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Açylyş dabarasyna türkmen wekiliýetiniň agzalary, şeýle-de ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň häzirki zaman türkmen-gruzin döwletara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp geçdi.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary akyldar Pyragynyň ynsanperwerlige, päklige we agzybirlige çagyrýan eserleriniň bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydygyny nygtadylar. Şahyryň onlarça dillere terjime edilen şygyrlary tutuş dünýäniň millionlarça okyjylarynyň ýüreklerinde seslenme döredýär.
Tbilisi şäheriniň Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Z.Honelidze Magtymgulynyň adyny göterýän okuw otagynyň açylmagy gruzin jemgyýetçiliginiň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary bilen giňişleýin tanyşmagyna, şeýle hem netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Çäräniň ahyrynda türkmen artistleriniň ýerine ýetirmeklerinde türkmen halk sazlary ýaňlandy.