12-nji sentýabrda Gruziýada akyldar şahyrymyzyň gruzin dilinde terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu neşir geljekde gruzin okyjylarynyň beýik şahyryň we akyldaryň döredijiligi bilen tanyşmaklaryna, türkmen halkynyň baý medeniýetini öwrenmeklerine ýardam berer.
Gruziýa döwletinde geçýän dabaraly çärede beýik şahyr we onuň döredijiligi hakyndaky gyzykly söhbetler, däp-dessurlar, ýol-ýörelgeler bilen bagly pikirler paýlaşyldy. Akyldar şahyryň gruzin ilinde baýry ýokary okuw jaýynda otagynyň açylmagy we goşgular ýygyndysynyň öz ene dillerine terjime edilip halk köpçüligi bilen paýlaşylmagy gruzin halkynyň türkmen halkynyň baý döredijilik mirasy bilen tanyşmaklaryna ýardam berer.
Şahyryň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysy nesillerden-nesillere geçip iki dostlukly halkyň doganlyk nyşany hökmünde saklanar.