Oskarly meşhur aktrisa Keýt Winslet “The Regime” serialyndan soň ýene bir serialda surata düşer. “The Spot” diýlip atlandyrylýan serial “A24” hem-de “20th Television” studiýalarynyň önümi bolan serial “Hulu”-da ýaýlyma berler. Serial Ed Solomonyň prodýuserliginde bolup, ussat aktrisa bu ekran eserinde lukmanyň keşbini janlandyrar. Serialyň ssenarisini hem Ed Solomonyň özi ýazar. “Mildred Pierce”, “Mare of Easttown”, “The Regime” seriallarynda baş keşplerde surata düşen aktrisa “The Spot” serialyndan soň HBO-nyň önümçiligindäki “Trust” serialynda hem çykyş eder.