10-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisi öz işine başlady. Ýyllyk sessiýanyň gün tertibi dünýäniň käbir sebitlerinde ýüze çykan çylşyrymly meseleleri çözmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ösýän ýurtlara kömek ýaly dürli meseleleri öz içine alýar. Täze sessiýanyň esasy wakasy, däp bolşy ýaly, 24-nji sentýabrdan 28-nji sentýabr aralygynda, şeýle hem 30-njy sentýabrda guralýan ýokary derejeli maslahat hasaplanýar. Maslahata köp sanly döwlet ýolbaşçylary we ministrler gatnaşyp, möhüm meseleler barada çykyş edýärler.
Bu ýyl her ýylky sessiýanyň çäginde ilkinji gezek «Geljegiň sammiti» guralyp, onuň dowamynda parahatçylyk we global howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Sammitiň ahyrynda «Geljek üçin şertnama», «Global sanly ylalaşyk» we «Geljekki nesiller üçin jarnama» tassyklanar. Bu çäre has gowy geljege nädip ýetip boljakdygy we geljegi nädip üpjün etmelidigi barada täze halkara ylalaşygyny döretmek maksady bilen 22-23-nji sentýabrda geçiriler.
10-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy tehniki häsiýete eýe bolan umumy mejlis bilen ýapyldy. Onda Trinidadyň we Tobagonyň wekili, sessiýanyň başlygy Dennis Frensis, guramanyň bir ýyllyk işini jemläp, ygtyýarlyklaryny resmi taýdan Kamerunyň öňki Premýer-ministri Filemon Ýanga geçirdi. Frensis metbugat ýygnagynda eden çykyşynda 78-nji sessiýany «hakykatdan hem uly waka» diýip atlandyryp, sessiýanyň barşynda möhüm kararlaryň kabul edilendigini aýtdy. Mundan başga-da, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin alnyp barylýan işler barada durup geçdi.
Günüň ikinji ýarymynda Baş Assambleýanyň 79-njy mejlisiniň ilkinji maslahaty geçirildi, onda Ýang guramanyň işleriniň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi we öz garaýyşlaryny beýan etdi. Sessiýanyň ilkinji günleri, esasan, gün tertibini kesgitlemek we dürli komitetleriň düzümini tassyklamak ýaly tehniki meselelere garaldy.